Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1414910
Daşary ýurt metbugatyna syn

France 24: Kovid-19: ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obama, ýurdyň häzirki Prezidenti Donald Trampyň syýasatyny tankyt etdi. 

Le Monde: Dünýäde koronawirus: Wirus Günorta Koreýanyň paýtagty Seul şäherinde we Hytaýyň Uhan şäherinde ýaňadandan gabat gelindi. 

Le Figaro: Fransiýada karantiniň möhledi şu gün tamamlandy.

Eldustur: Tunisde soňky 24 sagatda koronawirusa gabat gelinmedi. 

Alraýa: Katarda hökümediň tiz depginli öňüni alyş çäreleriniň saýasynda, koronawirusyň saglygy goraýyş we ykdysady täsirleri gözegçilik astyna alyndy. 

Alkuds: Yragyň hökümeti, Oraza baýramynda ýurtda köçä çykmak gadagançylygyny girizmäge taýarlanýar. 

El Pais (Ispaniýa): Restoranlaryň, myhmanhanalaryň we dükanlaryň eýeleri iş ýerleriniň gelejekde näme boljakdygy baradaky aladalary bilen ýaňadandan açmaga taýarlanýar. 

El Mundo (Ispaniýa): Hökümet mätäç bolan maşgalalara aýlyk 1015 ýewro pul kömegini berer. 

TeleSur (Wenesuela): Ýurdyň Döwlet baştutany Nikolas Maduro Wenesuelanyň halkyndan karantiniň düzgünlerini berjaý etmäge çagyrdy. 

Deutsche Welle: Prezident Rejep Taýýip Erdogandan we ÝB-e agza ýurtlaryň liderlerinden koronawirus garşy jebislik çagyryşy. 

Zeit Online (Gazet): Kovid-19 epidemiýasy Germaniýada ýaňadandan ýaýbaňlanmaga başlady. 

Frankfurter Allgemeine Zeitung (Gazet): Germaniýada koronawirus sebäpli penalyk isleýän adamlaryň sany azaldy. 

Russia Today: Russiýanyň Krasnogorsk şäherindäki hassahanalaryň birinde ýüze çykan ýangynda 9 adam ýogaldy. 

Regnum agentligi: Tatarystanda 11-nji maýdan başlap elektron rugsat bilen köçä çykmak gadagançylygy ortadan aýryldy. 

Gazeta.ru: Ukrainanyň ozalky Daşary işler ministri Pawel Klimkin: "Russiýanyň Ýeňiş baýramyny gutlamaga haky ýok" diýip belledi. 


Etiketkalar: #gazet , #metbugat , #habar

Degişli Habarlar