Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

Daşary ýurt metbugatyna syn

Al Kuds Al Arabi: Dubaýyň Almaz biržasynyň başlygy Ahmed Bin Sulaýem Ysraýylda gymmat bahaly daşlaryň sergilenýän sergisine gatnaşdy.

Al Şark Al Awsat: Tripolide ylalaşygyň düzgün bozmalary dowam edýär. Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümetiniň başlygy daşary ýurtlaryň ýurdyň içerki meselelerine garyşmazlyklary barada çagyryş berdi.

Al Jazeera: Türkiýe: “Siriýanyň hökümetine tabynlykdaky güýçleri Idlibdäki gözegçilik nokatlarydnan çykararys” diýip belledi.

n-tv.de: Erdogan Siriýa garşy hemleleriniň göwrümini artdyrdy.

spiegel.de: Germaniýanyň hökümeti Türkiýä we BAE ýarag satylmagyna rugsat berdi.

Merkur.de: Germaniýada koronawirus: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy kesele resmi taýdan täze bir at berdi. Germaniýada takmynan 200 adam karantinde saklanýar.

Le Figaro (Fransiýa): Siriýa: Idlib şäheri, ozal görülip-eşidilmedik adamzat krizisiniň bosagasynda.

Le Monde (Fransiýa): BMG, Ysraýylyň ýaşaýyş ýerlerinde iş alyp barýan 112 firmany anyklady.

Le Temps (Şweýsariýa): Şweýsariýa kiber hüjümlere garşy goragsyz.

El País (Ispaniýa): Guramaçylar, koronawirus krizisi sebäpli Barselondaky Mebel dünýä kongresini goý bolsun etdiler.

Infobae (Argentina): ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ekwadoryň döwlet baştutany Lenin Morenony Ak Tamda kabul etdi: “Ekwador bilen söwda ylalalaşygyny baglaşmaga taýýardyrys” diýip belledi.

Telesur (Wenesuela): Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduro, ýurdyň ýaşlaryna hüjümlere garşy sebitiň özbaşdaklygyny goramaga taýar bolmaklary barada çagyryş berdi.

Gazetem.ru habar saýty: Moskwa: “Gyssagly kararlar kabul edilmese, Russiýa we Türkiýe meseläniň hötdesinden gelip biler” diýip nygtady.

Lenta.ru habar saýty: Hytaýyň Russiýanyň Ýekaterenburg şäherindäki konsuly wezipesine bellenen resmi 2 hepdelik karantine alyndy.

Kommersant gazedi: Russiýada daşary ýurtlylara iki raýatlyk taslamasy şu aý Parlamendiň aşakgy ganady Dumanyň garamagyna hödürlener.


Etiketkalar: kiber , gazet , metbugat , Tripoli

Degişli Habarlar