Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

Daşary ýurt metbugatyna syn

Katarda çap edilýän Al-Raya Al-Katariya gazedi: Yrakdaky protestler ýaýbaňlanýar.

Omanda çap edilýän Watan gazedi: Şazada William resmi sapar bilen Omana gitdi.

Ntv.de: Londonda Dörttaraplaýyn maslahat-Federel Kansler Merkel,  Erdogan bilen geçiren duşuşygy barada öwgüli sözler aýdýar.

Deutsche Welle: Germaniýanyň paýtagty Berlindäki täze howa menziliniň 2020-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda açyljakdygyny habar berýär. Açylyşy eýýäm ençeme ýyl bäri yza süýşürilýän howa menziliniň gurluşygy 2006-njy ýylda başlapdy.

Handelsblatt.com: Elektrik tok bilen işlejek ulaglara maýa goýumlaryny artdyrmagy maksat edinýän Daimler kärhanasy, öňümizdäki 3 ýylda dünýädäki fabriklerinde işleýänleriniň sanyny azyndan 10 müň adam azaltmak isleýär.  

Ispaniýada çap edilýän El Pais gazedi: Wenesuela, geçiriljek saýlawlar üçin halkara synçylary çagyrdy.

Meksikada çap edilýän Milenio.com: Le Baron toparynyň maşgalasynyň gyrgynçylygy bilen baglanşykly saklanan adamlar hakyky günäliler däl.

Ispaniýada çap edilýän La Wangardiýa gazedi: Melani Tramp “Ak Tamdaky Mona Liza”. Birinji lediniň durmuş hekaýasyny suratlandyrýan bir kitap çap edildi.

Russiýanyň Ria Nowosti agentligi: ABŞ ýene-de rus wekiliýetine wiza bermedi.

Lenta.ru habar saýty: Germaniýa ABŞ-nyň Demirgazyk Akymy-2 taslamasyna garşy sanksiýalaryna jogap beriljekdigini habar berdi.

Tass habarlar agentligi: Ukrainanyň Daşary işler ministri Normandiýa Dörtlügi maslahatynyň karar taslamasynyň düzümini aýan etdi.

Fransiýada çap dilýän Le Monde gazedi: Londonda Trampyň we Makronyň NATO we Siriýa baradaky pikirleriniň deň bolmaýandyklary aýan boldy.

Fransiýada çap edilýän Le Parisien gazedi: 5-nji dekabrda umumy iş taşlaýyşlar: Fransiýada otlylaryň 90 göterimi işlemez.

Belgiýada çap edilýän Le Soir gazedi: Ýewropanyň daşky gurşaw babatyndaky garaňky görkezijileri.


Etiketkalar: NATO , Fransiýa , Ispaniýa , agentlik , gazet

Degişli Habarlar