Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Katarda çap edilýän “Al Raýa Al Katariýa” gazeti, soňky iki ýylda Gazadan Ysraýyla 2600 raketanyň atylandygyny habar berýär.

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän “Alşarg Alawsat” gazeti, Yrakda geçirilýän protest ýörişlerinde ikinji gezek Eýranyň Yrakdaky Başkonsullygynyň oda berlendigini habar berýär.

Germaniýada çap edilýän “Bild.de” gazeti, Germaniýada müňe golaý harby işgäre iş ýerinde alkagolly içgi içendigi we wezipesini doly ýerine ýetirmändigi sebäpli berk käýinç berlendigini ýazýar.

“Doçe Welle” ÝB täze Komissiýanyň resmi taýdan öz işine başlandygyny mälim edýär.

Nemes syýahatçy Ursula Won Der Lindeniň ýolbaşçylygyndaky ÝB täze Komissiýasy resmi taýdan öz işine başlady.

“Le Monde” gazeti, Fransiýanyň Liwiýa gämi ugratmakdan ýüz öwürendigini habar berýär.

“Le Figaro” gazeti, Fransiýanyň ozalky Prezidenti Nikolas Sarkoziniň ýakyn garyndaşynyň Liwiýadan 440 müň ýewropa alandygyny kabul edendigini belleýär.

“Le Parisien” Fransiýanyň Prezidenti  Emmanuel Makronyň Malide öldürlen esgerleri hatyralaýarka ýurdy birleşdirmegi umyt edýändigini nygtaýar.

“RBK” Ukrainanyň Ministrler kabinetiniň, Russiýanyň 2 etrabyny öz ýurdunyň territoriýasyna degişli etmäge taýardygyny belleýär.

“Regnum gullugy” ABŞ-nyň, Russiýa “Demirgazyk Akym-2” taslamasy üçin sanksiýa göýüp biljekdigini habar berýär.

“El Uniwersal” gazeti, Meksikada bolan çaknyşykda 21 adamyň öldürilmeginden soň, Meksikada neşe söwdasynyň uly ýitgi çekilmegine sebäp bolýandygyna ünsi çekýär.



Degişli Habarlar