Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1306545
Daşary ýurt metbugatyna syn

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän “Alşarg Alawsat” gazeti, Müsüriň töwellaçylyk etmeginde Ysraýyl bilen Palestinaly toparlaryň arasynda hüjümleriň bes edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanylandygyny ýazýar.

Katarda çap edilýän “Al Raýa Al Katariýa” gazeti, Yrakdaky protest ýörişleriniň dowam edýändigini habar berýär.

Katarda çap edilýän “Al Raýa Al Katariýa” gazeti, başga bir habarynda bolsa, Liwanyň Premýer ministri Al Haririniň , Prezident Berriniň täze hökümetiň gurulmagy baradaky teklibini ret edendigini belleýär.

“Zeit.online”, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Erdoganyň 1 million bosguny Siriýa ýerleşdirjekdigi hakyndaky sözlerine ýer berýär

“Spiegel. online” Germaniýada terror guramasy DAIŞ bilen arabaglanlygynyň bardygy sebäpli saklananlaryn häzirlikçe boşadyljakdygyny mälim edýär.

“El Pais” gazeti, Morelesiň, “dalaşgär bolmak üçin däl eýsem wakalary has dartgynlaşdyrmak üçin Boliwiýa gitmäge taýar” diýen sözlerine ýer berýär.

“El Mundo” gazeti İspan şasynyň Kuba barandygyny habar berýär.

“RIA Nowosti” ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Erdoganyň, S-400 howa goranyş ulgamlary meselesini çözmekde tutanýerlidiklerini belleýär

“TASS” Ýewropa Geňeşiniň başlygy Donald Tuskyň, Russiýanyň ÝB-niň strategik hyzmatdaşy däl, eýsem strategik meseledigi hakyndaky sözlerine ünsi çekýär

“Izwestiýa” gazeti, Ukranyň täze prezidenti Wladimir Zelenskiniň ukrainalylaryň arzuw hyýallaryny puja çykýandygyny ýazýar

“Le Monde” gazeti, Fransiýada saglygy goraýyş işgärleriniň şu gün uly protest ýörişini geçirjekdigini nygtaýar.

“Le Figaro” gazeti Türk-Amerina gatnaşyklaryndaky dartgynlygyň çözülmegi üçin Trampyň Erdogany myhman alandygyny ýatladýar

 

 

 



Degişli Habarlar