Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raya Al-Katariya (Katar): Amerikanyň Newsweek žurnaly: Hökümet çekilsede Yrakda içerki söweş çykmaz.

Alshark Alawsat (Saud Arabystany-Britaniýa): Yragyň hökümetiniň Bagdatdaky protestleri gözegçilik astyna almak tagallalary, köp sanda adamyň ýogalmagyna sebäp bolýar.

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Terror guramasy DAIŞ-iň öldürilen lideri El Bagdadiniň jigisi we aýaly, Türkiýäniň Howpsyzlyk güýçleriniň elinde.

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýada 10-njy noýabrda möhletinden irki saýlawlar: Partiýalar, kararsyz saýlawçylar üçin özara bäsleşýärler.

La Tersera (Çili): Çilidäki protestler: Hökümet, köçeleriň gözegçiligini ele geçirmek işleri boýunça, näme sebäpli bu derejede kynçylyk çekýär?

El Uniwersal (Meksika): Kelte (El Çapo) lakamy bilen tanalýan neşe söwdasyny edýän toparyň lideriniň öýleri satuwa çykaryldy. Satyn almak isleýänler üçin gerek bolan şertler.  

Le Monde: Fransiýada 2018-nji ýylyň noýabr aýy bilen 2019-njy ýylyň iýun aýlary aralygynda geçirlen Sary ýeňsizlileriň protestleri sebäpli 3000-den gowrak adam azatlykdan mahrum edildi.

Le Parisien: Başatagyçly zenanlary “Hellouindäki jadygöýlere” deňän fransuz senator jeza almady.

Le Figaro: Guantanamodaky ezýet bermeler ýene-de bir gezek Fransiýanyň kazyýetiniň gün tertibinde.

Deutsche Welle: Siriýadaky täze howp: Tussaglykdaky DAIŞ-liler.

Die Welt Gazedi: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkelden Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona nägilelik: NATO howpsyzlygymyzyň esasy.

ZDF Telewideniýesi: ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo resmi sapar bilen Germaniýa bardy.

Ria Nowosti: Erdogan, Türkiýäniň El Bagdadiniň töwereginde bolan 13 adamyň tussag edilendigini habar berdi.

TASS: Rus dikuçarlar Siriýanyň demirgazygynda her gün patrullyk eder.


Etiketkalar: metbugat , gazet

Degişli Habarlar