Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş  serişdelerinde uly seslenme döredýär

Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş  serişdelerinde uly seslenme döredýär

Bild gazeti Eýranyň täze howa goranyş ulgamyny tanyşdyrandygyny ýazýar.

Zeit Online: Siriýanyň harby goşunynyň asuda ilatyň İdlibden çykarylmagy üçin koridor açandygyny nygtaýar.

Ispaniýada çap edilýän El Pais gazeti, Ispaniýada häzire 175 adamyň hassahanada bejergi alynmagyna sebäp bolan “listeria” bakteriýasynyň et fabriginden ýaýrandygynynyň anyklanylandygyny belleýär.

Argentinada çap edilýän Klarin gazeti, Amazon ýangyny sebäpli Argentinanyň Prezidenti Makriniň, Braziliýaly kärdeşi Bolsonaro telefon edip ýangyn söndüriş işleri üçin hyzmatdaşlyk edilmegini teklip edendigini aýan edýär.

Meksikanyň Expansion.mx habar saýty, Türk Howa ýollary bilen täze başlan “Stambul-Meksiko Sitý-Kansun” uçar saparlary bilen 100 müň ýolagçynyň gatnadylmagynyň maksat edinilýändigini habar berýär.

Alşark Alawsat gazeti, Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň, Yrakda Eýrana degişli ýerleri bombalandyklary hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Eljrezire tw. Siriýanyň hökümetiň  ýurduň demirgazygyna çenli gelmek bilen Türk gözegçilik toparyny nyşana alandygyny belleýär.

Alarabi gazeti, Siriýanyň hökümeti tarapyndan türk gözegçilik merkezine guralan hüjümden soň resmi Ankaranyň İdlibe goşmaça harby topar ugrandygyny ýazýar.

Rus Izwestiýa gazeti, ýüz ýaşyndan geçen ruslaryň sanynyň rekord derejä çenli baryp ýetendigini belleýär.

Fransiýada çap edilýän Le Parisien gazeti “Öýümiz ýanýar” söz başyly habarynda, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň, Günorta Amerikadaky Amazon ýangynlary meselesiniň halkara meselesidigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Le Monde gazeti G-7 maslahatynyň öňüsyrasynda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Elýsse köşgünde jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini kabul edendigini mälim edýär



Degişli Habarlar