Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1256506
Daşary ýurt metbugatyna syn

RIA Nowosti habarlar agentligi: Russiýa älem giňişligine ilkinji gezek Fýodor atly robot iberdi. Fýodor, uçmadan ozal Ýuriý Gagariniň meşhur “Gideliň, gideliň” sözlerini ulandy.

Lenta.ru habar saýty: Ukrainanyň Döwlet Baştutany Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň G7-ä gaýdyp barmak ähtimallygynyň üstünde durup geçdi. Zelenskiý: “Russiýanyň çykarylmagyndan soň geçen 5 ýylda hiç zat üýtgemedi. Russiýa ilki bilen Krymy yzyna bersin” diýip nygtady.

“Nezavisimaya Gazeta” gazedi: Britaniýanyň telewideniýe kanallarynyň biri Russiýanyň Döwlet başlygy Wladimir Putin barada 3 bölümden ybarat dokumental film almak üçin taýarlyk görýär. Ady “Putin: bir rus agendiniň hekaýasy” bolar.

Libération: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ýurdundaky bosgun çagalaryň möhletsiz saklanmagyna rugsat berer.

France 24: Fransiýanyň paýtagty Parižde Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonsony kabul eden Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Jonsondan Breksit bilen bagly käbir meseleleri düşündirmegine garaşýar.

Le Temps (Şweýsariýa): Merkezi ABŞ-de ýerleşýän Amazon kärhanasy, dünýäniň iň uly ýarym geçiriji kärhanalaryndan biri bolan Intele we programma üpjünçiligi kärhanasy bolan Microsofta awtonom ýaraglaryň özgerdilmegine kömek bermek bilen günäkärlenýär.

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýada şäriklik bilen bagly tagallalar: PSOE we Podemos partiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklar gowşaýar, emma bu ýagdaý özbaşdaklyk bilen bagly ylalaşyklara öz täsirini ýetirmez.

El Mundo (Ispaniýa): Open Arms krizisinden soň, indi bolsa Ocean Viking krizisi bar. Bortynda 365 bosgun bolan gämi eýýäm 13 gün bäri Ýewropa derejesinde hemişelik çözgüde garaşýar.

La Wanguardia (Ispaniýa): Amazon tokaýlary ýanýar: Braziliýanyň iň uly şäheri bolan San Paulo şäherinde düýn günortan ýygnanan bulutlar we ýurtda müňlerçe kilometr alysda dowam edýän tokaý ýangynlary sebäpli garaňka bürendi.

Alshark Alawsat: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, G7 maslahatyndan öň ýadro ylalaşygyny maslahatlaşmak üçin eýranly resmiler bilen duşuşyk geçirdi.

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): BAE-niň gizlin habarnamasy, Saud Arabystanynyň raketa goranyş ulgamlarynyň Husileriň hüjümlerine garşy ýeterlik derejededigini tassyklaýar.

Al-  Hayat (Liwan): Gresiýa Waşington bilen bolan gatnaşyklaryna täsir ýetirmezlik üçin Eýranyň tankerine kömek bermez.

Deutsche Welle (DW): Merkel Jonsondan konkret teklip isledi. Berlinde duşuşyk geçiren Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonsonyň gün tertibinde Breksit bardy. Merkel, Jonsondan serhet bilen bagly jedelleşikler babatynda konkret teklipler isledi.

Spiegel Online: Germaniýadan amerikan esgerlerine ýüzlerçe million ýewrolyk goldaw.

Frankfurter Allgemeine Zeitung (FAZ): ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen Daniýanyň Daşary işler ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçdi. Grenlandiýa adasynyň satlyk bolmandygy sebäpli ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Daniýa saparyny goý bolsun etdi.


Etiketkalar: #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar