Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

Daşary ýurt metbugatyna syn

Alshark Alawsat: Yrakda Eýran tarapyndan goldanýan toparlara degişli ýerlerde partlamalar boldy.

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Ysraýylly bir işewür adam, Ysraýylyň BAE-e içaly uçarlarynyň satylmagyny ýeňilleşdirdi.

Al-  Mustakbal (Liwan): Türkiýe ot bilen oýnamazlyk babatynda Siriýa duýduryş berdi.

El Periodiko (Ispaniýa): Maduro ABŞ-nyň hökümeti bilen aragatnaşyga geçendigini tassyklady.

La Tersera (Çili): Argentinadaky krizis: Ykdysadyýetiň wekilleri bazarlary köşeşdirip bilenok, Argentinanyň biržasy dünýäniň iň erbet görkezijilerine eýe.

El Pais (Ispaniýa): Soňky 4 ýylda 4-nji saýlawyň öňüni almak üçin 33 gün galdy.

Deutsche Welle: Çawuşogly: “Bu hüjümler betbagtlyga sebäp bolar” diýdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Idlibde Türkiýäniň goşunyna garşy guralan hüjüm bilen baglanşykly Damaska duýduryş berdi. Çawuşogly: “Bu hüjümler betbagtlyga sebäp bolar” diýdi.

Bild.de: Boris Jonson Merkelden näme isleýär? Britaniýanyň Premýer ministri şu gün Berlinde Angela Merkel bilen duşuşyk geçirer.

Spiegel.de: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Daniýanyň Premýer ministri bilen duşuşygyny Grenlandiýa sebäpli goý bolsun etdi.

Le Figaro: Gurakçylyk Fransiýada azyndan 4 million ýaşaýyş jaýyna wehim salýar.

Le Monde: ‘Open-Arms’ gämisindäki bosgunlar Lampedusa çykaryldy.

Le Parisien: Putin Makrona: “Sary ýeňsizlilere meňzeş bir ýagdaý islämok” diýdi.


Etiketkalar: gazet , metbugat

Degişli Habarlar