Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän Alşarg Alawsat gazeti, resmi Tähranyň, Waşington bilen täze ýadro ylalaşygy meselesinde gepleşik geçirlendigi hakyndaky habarlary tassyklamandygyny ýazýar.

Katarda çap edilýän Al Raýa Al Katariýa gazeti, Saud Arabystanynyň daşary ýurtly işçilerin hukuklaryny basgylaýandygyny belleýär.

Liwanda çap edilýän La Haýat gazeti, türk harby toparynyň Siriýa serhedine barandygyny habar berýär.

Wenesuelada çap edilýän El Pais gazeti, Wenesuelanyň Esaslandyryjy mejlisiniň başlygy Diosdado Kabellonyň “ABŞ bilen gizlinlikde gepleşik geçirlendigi hakynda öňe sürülýän garaýyşlar nädogry” diýen sözlerine ýer berýär.

Ispaniýada çap edilýän ABJ gazeti, ýangynlar sebäpli Kadar adalarynyň taryhynyň iň uly daşky gurşaw betbagtçylygyna sezewar bolandygyny nygtaýar.

Deutsche Welle: BMG-nyň we ABŞ-nyň Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň türk harby ulag kerwenine guran hüjümine garşylyk görzekdigini aýan edýär.

Siriýanyň Idlib welaýatynda türk harby ulag kerwenini nyşana alan howa hüjümine BMG we ABŞ reaksiýa bildirdi.  Siriýanyň harby goşuny bolsa Idlibde oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky strategik Han Şeýhun şäherçesinde gözegçiligi üpjün etdi.

Bild. de. Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonsonyň Breksitden ýüz öwüren ýaly görünýändigine ünsi çekýär.

Şpigel.de. ABŞ-nyň nebit tankerlerine ýardam bermezlik meselesinde Gresiýa duýduryş berendigini ýazýar.

Liberation: “Bregançok galasy duşuşygy: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin duşuşdy emma gatnaşyklarda hiç hili özeglişik bolmady” diýip ýazýar.

Le Figaro: Breksit: Londonyň 31-nji oktýabrda serhetlerini ýapmak bilen hemle atýandygyny nygtaýar.

Le Monde: ABŞ-nyň Sowuk söweşden bäri ilkinji gezek orta aralykly raketa synagyny geçirendigini habar berýär.

TASS: ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Siriýada türk harby ulag kerwenine guralan hüjümi ýazgarandygyny mälim edýär.

Izwestiýa gazeti, Gyrgyz Respublikasynyň ozalky Prezidenti Almazbek Atambaýewiň göz tussaglygyndaky möhlediň 26-njy oktýabra çenli uzadylandygyna ünsi çekýär

 

 



Degişli Habarlar