Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär.

1254537
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Le Figaro gazeti, Fransiýanyň “Opn Arms” gämisindäki migrantlardan 40 sanysyny kabul etjekdigini ýazýar

Le Parisien gazeti, “Makron bilen Putiniň arasyndaky düşnümezlik nähili çözüler” diýip ýazýar.

Le Monde gazeti bolsa, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky dartgynlygyň gowşamaga başlandygyny belleýär.

Katarda çap edilýän Al Raýa gazeti, Saud Arabystanynyň howa menzilleriniň dünýäniň iň erbet howa menzillerinden biridigini nygtaýar.

Alşarg Alawsat gazeti, terror guramasy DAIŞ-iň Owganystanda toýa guralan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

Alguds Alarabi, Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň, Gaza garşy uly harby operasiýany başlatmak bilen hemle atandygyny habar berýär.

RBK habarlar gullugy, Britaniýaly ylmy barlag guramasynyň Russiýanyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň gündogarynda bolan çaknyşyklara goşulşandygyny görkezýän ýazgylary ele geçirendigini mälim edýär.

Lenta rus habar saýty, Russiýa karzy bolan ýurtlaryň sanynda Belarusyň, Ukrainanyň we Wenesuelanyň ilkinji üçlügi eýeleýändigini aýan edýär.

Izwestiýa gazeti, Russiýanyň deňiz güýçleriniň türgenleşiginiň NATO agza ýurtlaryň görkezen garşylygy we amatsyz howa şertleri sebäpli möhlediniň uzadylandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

Ispaniýada çap edilýän El Pais gazeti, Ispaniýanyň migrantlary alyp barýan “Open Arms” gämisine portlaryny açýandygyny habar berýär.

ABJ, Ispaniýanyň ABJ gullugy, Kanar adalaryndaky ýangynda häzire çenli 3400 gekdarlyk tokaýyň ýanyp kül bolandygyny, 5 müň adamyň ýaşaýan ýerini terk edendigini nygtaýar.

Süddeutsjhe Zeitung, Germaniýada Federal hökümetiň uçarmansyz howa ulaglaryna garşy howa menzillerinde berk howpsyzlyk çäreleriniň görülmegini meýilleşdirýändigini ýazýar.

 

 



Degişli Habarlar