Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1253497
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Alşarg Alawsat gazeti, Ysraýylyň Amerikan kongresiniň iki musulman agzasy Raçhida Tlaib bilen Ilhan Omaryň ýurduna girmegine rugsat bermändigini ýazýar.

Al Guds Al Arabi, Siriýanyň howa goranyş ulgamynyň Ysraýylyň raketa hüjüminiň öňüni alandygyny belleýär

Katarda çap edilýän Alraýa gazeti, Katar bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmaga başlandygyny ýatladýar.

La Tersera gazeti, Meksikanyň merkezi bankynyň 5 ýyl soň ilkinji gezek prosent stawkalary aşakladandygyny ýazýar.

Ispaniýada çap edilýän El Mundo gazeti Ispaniýanyň ýurda gelýän syýahatçylaryň sanynyň azaldylmagy emma has köp girdeji gazanylmagy üçin täze taslamanyň üstünde işleýändigini habar berýär

Rus Izwestiýa gazeti, Moskwa bilen San Peterburg şäherleriniň, ruslaryň ýaşamak isleýän esasy şäherleriniň arasynda görkezilendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

Rus RIA Nowosti gullugy bolsa, Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdoganyň, Akguýu atom bekediniň gurluşygynyň depgininiň güýçlendirilmegi barada görkezme berendigini mälim edýär.

Germaniýanyň Handelsblatt gazeti, Latwiýanyň Prezidentiniň “Germaniýa has uly jogapkärçiligi öz üstüne almaly” diýen sözlerine ýer berýär.

Spiegel. De: Germaniýada daşary ýurtlardan gelen alymlaryň sanynyň gün saýyn köpelýändigine ünsi çekýär.

Le Figaro, 2019-njy ýylyň iýul aýynyň iň yssy geçen aý hökmünde bellige alynandygyny ýazýar

Liberation gazeti bolsa, Ysraýylyň Amerikaly iki halk deputatynyň ýurda girmegini gadagan edendigini ýatladýar

 


Etiketkalar: #syn , #metbugat

Degişli Habarlar