Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Liwanda çap edilýän Al Haýat gazeti, Türkiýäniň Amerikaly ýolbaşçylar bilen Siriýa meselesinde geçirlen gepleşiklerde ylalaşyk gazanylandygyny mälim edendigini nygtaýar.

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän Alşarg Alawsat gazetiniň, Sudanyň terror sanawyndan çykarylmagy üçin ABŞ-nyň käbir şertiniň bardygyny belleýär

Katarda çap edilýän Al Raýa Al Katariýa gazeti, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazasy Bin Salmanyň, Waşington Post gazetiniň žurnalisti Saudy ýazyjy Jemal Kaşykçy jenaýaty hakynda gozgalan işiň, ABŞ-da geçiriljek saýlawdan öň netijelenmegi üçin tagalla edýändigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

Le Monde gazeti, Fransiýada 2017-nji ýylda kiçi üç çagasy bilen Siriýa giden zenanyň 8 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini habar berýär.

Le Figaro: Golobal ýylylygyň dünýä derejesinde azyk howpsyzlygyna wehim salýandygyna ünsi çekýär.

Bild.de: Germaniýadaky köllerde et iýýän bakteriýa gabat gelinendigini, kölde suwa düşen 1 zenanyň ýogalandygyny ýazýar.

Deutche Welle: ABŞ bilen Türkiýäniň Siriýada howpsyz zolagyň döredilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandygyny habar berýär.

Ispaniýada çap edilýän El Pais gazeti: Çempi Podemos partiýasynyň, hökümetiň başlygy Sançesi saýlawyň gaýtadan geçirilmegini islemekde günäkärleýändigini belleýär.

Wenesuelda çap edilýän El Mundo gazeti, Wenesuelanyň Prezidenti Maduronyň awgust aýynyň 8-9-y aralygynda oppozisionerleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek gepleşiklere hökümetiň agzalarynyň gatnaşmajakdygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.  

Rus Izwestiýa gazeti, Russiýanyň harby goşunynda kiber garakçylara garşy ýörite toparyň dörediljekdigini ýazýar.

Rus TASS habarlar gullugy: Gyrgyz Respublikasynyň ozalky prezidentiniň tussag edilmegi üçin ýaragly operasiýanyň guralandygyny habar berýär

 

 

 

 



Degişli Habarlar