Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

Daşary ýurt metbugatyna syn

Alshark Alawsat: Difteriýa Ýemende putçistleriň gözegçiligindäki 237 sebite howp abandyrýar.

Alraýa (Katar): Ysraýyl Günbatar Şeriada 2304 ýaşaýyş jaýynyň gurulmagy baradaky karary tassyklady.

Alkuds Alarabi: DAIŞ Siriýada ýaňadandan ýüze çykdy we Yrakdaky barlygyny güýçlendirdi.

Bild.de: Germaniýada et önümlerinde salgyt 7 göterimden 19 göterime çenli ýokarladylýar.

Spiegel-online.de: Türkiýe Siriýanyň demirgazygynda operasiýa geçirmäge taýýarlanýar.

Stern.de: Amerikanyň El paso şäherinde ençeme adamy öldüren adamyň öz gyz jigisini hem öldürendigi orta çykdy.

RBK: Inguşetiýada Russiýanyň Howpsyzlyk güýçleri terrora garşy göreşiň çäginde operasiýa başlatdy.

Russia Today: Ýaponiýa, Russiýanyň Kuril adalary bilen baglanşykly protestini kabul etmedi.

Lenta.ru: Ukrainanyň Ýaragly güýçleri Donetske garşy gyssagly ýagdaýda goşuny herekede geçirýär.

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançez şu gün Ispaniýanyň Şasy VI Felip bilen duşuşyk geçirer.

El Komersio (Peru): Wenesuelanyň Daşary işler ministri Horhe Arreaza: “ABŞ, Wenesuelany Russiýa we Hytaýa garşy geosyýasy söweş ýurduna öwürmäge synanyşýar” diýip belledi.

El Nasional (Wenesuela): Kinolas Maduronyň BMG-däki wekili Samuel Monkado, ABŞ-nyň embargolary sebäpli Nýu-Ýorkdaky missiýasynyň bank hasaplarynyň üsti bilen pul geçirdip bilmeýändigini nygtady.

Le Parisien: Nikolýa Sarkozi entegem sagjylaryň hyýallaryny bezeýär.

Le Figaro: Kim çen Ynyň Demirgazyk Koreýanyň soňky geçiren raketa synagynyň, ABŞ-e we Günorta Koreýa garşy duýduryş häsýetindedigini habar berdi.

Le Monde: Akýagyzlylaryň artyklygyny ýazgarýan Donald Trampyň akýürekliliginden şübhe edilýär.


Etiketkalar: agentlik , gazet

Degişli Habarlar