Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Katarda çap edilýän Al Raýa Al Katariýa gazeti, Birleşen Arap Emirlikleriniň Haftar güýçlerini ýaraglandyrmagynyň ABŞ bilen baglaşan şertnamalaryna wehim salýandygyny ýazýar.

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän Alşarg Alawsat gazeti, Yrakda Haşid güýçleriniň ýaňadandan guramalaşdyrylmagyna uly goldaw berilýändigini belleýär.

Liwanda çap edilýän Al Haýat gazeti, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Liwiýada tapylan ýaraglaryň özlerine degişli bolmandygyna ünsi çekendigini ýatladýar.

Ispaniýada çap edilýän El Pais gazeti, Daşary işler ministri Josep Borreliň, ÝB-niň Ýokary wekilliğine bellenendigini mälim edýär.

Argentinada çap edilýän Klarin gazeti, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Garaşsyzlyk gününden soň bikanun ýagdaýda ýurda giren migrantlaryň bir böleginiň ýurtdan çykaryljakdygy barada söz berendigini nygtaýar.

Germaniýada çap edilýän Welt gazeti, Germaniýanyň Goranmak ministri Ursula Won der Leýeniň, Ýewropa Komissiýasynyň täze başlygy boljakdygyna ünsi çekýär.

Tagesschau: Orta ýer deňzinde halas eden bosgunlaryny birgusat İtaliýa getirendigi sebäpli saklanan “Sea-Watjh 3” gämisiniň kapitanynyň boşadylmagyna Italiýanyň içeri işler ministrliginiň garşydygyny ýazýar.

Le Monde: Fransiýa bilen Germaniýanyň ÝB-niň esasy wezipelerini öz üstüne almaklary üçin gepleşik geçirendigiklerini nygtaýar.

Le Figaro gazeti, Dubainiň Şyhynyň aýallaryndan birinin Germaniýa gaçmagynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň mertebesine zeper ýetirendigini belleýär.

RBK. Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelensikiniň Kanadada eden satiriki açylyş çykyşynyň hemmeleri güldürendigini mälim edýär.

RIA Nowosti: G20-niň liderler maslahatynda Gollandiýanyň Premýer ministri Rütte bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň 2014-nji ýylda heläkçilige uçran Boeing MH17 kysymly uçar hakynda pikir alyşandygyny habar berýär.



Degişli Habarlar