Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Germaniýanyň Münstersche Zeitung gazeti, “Germaniýanyň taryhynda iýun aýynda jöwzaly yssy günler bolmady: howanyň ýylylygy 39,3 gradusa çenli baryp ýetdi” diýip ýazýar.

Deutsche Welle: Federal Kansler Angela Merkeliň sağlyk ýagdaýy baradaky habarynda Merkeliň “Men gowy” diýen sözlerine ýer berýär.

Welt; Germaniýadaky 10 hassahanadan 6-synyň maddy taýdan agyr günleri başdan geçirýändigini we öňümizdäki 5 ýylda şol hassahanalaryň ýapylyp bilinjekdigini belleýär

Ispaniýada çap edilýän El Pais gazeti, İspaniýa bilen Germaniýanyň täze Ýewropa ulgamy üçin uly jogapkärçiligi öz üstüne alandyklaryny habar berýär.

Ispaniýada çap edilýän El Mundo gazeti UEFA 21 ýaşyna çenli zolan ýaşlaryň Ýewropa çempionadynyň final bäsleşiginde İspaniýanyň Germaniýany 2-1 hasabynda ýeňip çempion bolandygyny aýan edýär

Le Monde, Ýewropa Bileleşiginiň liderler maslahatynyň netijesizdigini mälim edýär.

Rus Ria Nowosti: NATO degişli harby uçarlaryň Odessa şäherine barandygyna ünsi çekýär.

Rus Izwestiýa gazeti, Ukrainaly halk deputatynyň: “Zelenskiniň prezidentlige saýlanmagy ýalňyşdy” diýen sözlerine ýer berýär

Rus TASS habarlar gullugy, Prezident R. T. Erdoganyň, Rus S-400 howa goranyş ulgamynyň 10 gününiň dowamynda Türkiýä gowşuryljakdygyna ünsi çekendigini belleýär

Liwanda çap edilýän Al Hataý gazeti, Müsürli wekiliýetiň Gaza gidendigini habar berýär



Degişli Habarlar