Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1222552
Daşary ýurt metbugatyna syn

Alshark Alawsat: Fransiýanyň Prezidenti Makron şu ýyl Yrakda saparda bolar.  

Al-Raya Al-Katariya (Katar): Prezident Erdogan, Mursiniň ýogalmagy bilen bagly delonyň açylmagy üçin BMG-e çagyryş berdi.

Al-  Hayat (Liwan): ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp: “Eýran uly ýalňyşlyk etdi” diýdi.

Deutsche Welle: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ýurduna degişli uçarmansyz howa ulagynyň Eýran tarapyndan urulyp ýere gaçyrylmagyny örän uly ýalňyşlyk hökmünde häsýetlendirdi.

Stern.de: Millionlarça rus, ýurdyň Döwlet baştutanyna sorag berdi. Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin 17-nji gezek halkyň soraglaryna jogap berdi.

Spiegel.de: Germaniýanyň parlamentarlar topary Russiýada saparda bolýar. Deputatlaryň bu saparynda, aşa sagjy AFD deputatynyň Kremliň ýaýlym organy hökmünde tanalýan Russia Today-e interwýu bermegi nägileliklere sebäp boldy.

Le Monde: Gruziýada rus bir deputatyň Parlamentde bolmagy gozgalaňyň turmagyna sebäp boldy.

Le Figaro: Iki fransuzyň biri bosgunlaryň hakyky bosgundygyndan şübhe edýär.

France 24: Donald Trampyň Eýrana hüjüm guramak barada buýruk berendigini, soň bolsa buýrugyndan dänendigini belledi.

El Mundo (ispaniýa):Meksikanyň Döwlet baştutany Andres Manuel Lopez Obrador, Orta Amerikany bosgun krizisinden halas etjek meýilnamasyna mälim etdi.

Clarín (Argentina): Donald Tramp, ABŞ-nyň hökümetiniň Wenesuela garşy ýeterlik derejede berk pozisiýa eýelemeýändigi barada duýduryş berdi.

Russiýanyň Izwestiýa gazedi: Ukraina täze bir saýlaw ýaryşyna başlady. Ukrainanyň Konsitutsion kazyýeti, ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Zelensikiniň, parlamentiň dargadylmagyny we irki parlament saýlawlarynyň geçirilmegini göz öňünde tutýan kararnamany kabul etdi.

Russiýanyň Izwestiýa gazedi: NATO Russiýanuy Ýewropanyň howpsyzlyk arhitekturasyny ýumurmak bilen günäkärleýär.


Etiketkalar: #Fransiýa , #Russiýa , #gazet

Degişli Habarlar