Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň seslenme döredýär

1218582
Daşary ýurt metbugatyna syn

Alshark Alawsat: ABŞ: Eýran Oman aýlagynda guralan hüjümiň jogapkäri.

Al-Raya Al-Katariya (Katar): Yrak, DAIŞ-e agza terrorçylary saplamak üçin daglyk sebitde harby operasiýa başlatdy.

Al-  Haýat (Liwan): Katar, Pars aýlagy we Orta Gündogar sebitiň howpsyzlygynyň bozulyp bilinjekdigi barada duýduryş berdi.

Merkur.de: Tramp Germaniýany berk ýagdaýda ýazgarýar we agyr sözler bilen duýduryş berýär. Şol mahal bolsa Ak Tamyň metbugat geňeşçisi wezipesinden çekilýär.

Focus: Germaniýadan hukuga ters ýagdaýda serhetden çykarylan Usama Ben Ladeniň ozalky goragçysy Germaniýa yzyna gaýtaryp getirilmez.

DeutscheWelle: Germaniýada aşa sagjy terror howpy-Germaniýada takmynan 24 müň aşa sagjy bar, olaryň hem 50 göterimi güýç ulanmagyň tarapdary, aglabasy ýarag ulanmagy bilýär.

El País, Ispaniýa: ABŞ Eýrany Oman aýlagynda iki nebit tankerine hüjüm guramak bilen günäkärleýär.

El Mundo, Ispaniýa: Britaniýa Žulian Assanžyň ABŞ-e gaýtaryp berilmegini tassyklady.

Prensa Latina, Kuba: Çe Gewaranyň dogulan gününiň 91-nji ýyly hatyralanýar.

Le Monde: Şweýsariýada zenanlar deňsizligi protest etmek üçin işlerini taşladylar.

Le Figaro: Siriýadaky fransuz çagalaryň agasy, ÝB-e ýüzlenip, Fransiýadan şikaýatçy boldy.

Kommersant gazedi: Putin we Tramp G20 maslahatynda ikiçäk duşuşyk geçirmegi meýilleşdirýär.

Lenta.ru habar saýty: Ýewropa we Russiýa dollardan halas bolmak babatynda ylalaşdylar.  

RIA Nowosti agentligi: Krym köprüsinde ilkinji demir ýol gurluşygy tamamlandy.


Etiketkalar: #metbugat

Degişli Habarlar