Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň seslenme döredýär

Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýan Alşarg Alawsat gazeti, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň “Eýran, sebit we dünýä üçin howply ýurt”diýen sözlerine ýer berýär

Katarda çap edilýän Al Raýa Al Katariýa gazeti, Ýemendäki Husileriň Saud Arabystanynyň Halkara Ebha howa menzilinde hüjüm gurandygyny habar berýär.

Liwanda çap edilýän Al Haýat gazeti, BMG-nyň Saud Arabystanynyň Halkara Ebha howa menziline guralan hüjümiň, sebitiň howpsyzlygyna wehim salýandygyna ünsi çekendigini belleýär.

Welt.de, Gündogar Germaniýanyň ilatynyň sanynyň aşaklandygyny we ilatyň sanynyň 1905-nji ýyldaky ilatyň sanyna çenli gelip ýetendigini ýazýar

Frankfurter Allgemeine Saýtung gazeti, germaniýaly syýahatçylaryň Ispaniýa däl aýsem has amatly bolan Türkiýe, Müsüre we Tunise gitmegi saýlap alandygyny nygtaýar

El Mundo, Ispaniýada 2 milliona golaý adamyň ykdysady çökgünlik sebäpli öýlerini ýitirmek howpyny başdan geçirýändigini belleýär

Klarin gazeti, Argentinada Hytaýdan gelýän syýahatçylaryň sanynyň gün saýyn artýandygy üçin täze myhmanhanalaryň gurulýandygyny habar berýär

Rus internet saýty. Lenta. ru; “Prezident R. T. Erdogan S-400-ler meselesin, çürt kesik çözdü” diýip habar berýär.

Rus Izwestiýa gazeti, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň, Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň pese gaçandygy hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär

Rus RIA Nowosti habarlar saýty. Russiýanyň Prezidenti Putiniň, “Russiýa Ukraina bilen edýän gatnaşyklaryny kadalaşdyrar” diýendigini belleýär.

Le Monde: Resmi Waşingtonyň Polşadaky esgerleriniň sanyny artdyrjakdygyny habar berýär.

Frans 24. “Şinzo Abe, Waşington bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlygy gowşatmak üçin Eýrana bardy” diýip habar berýär



Degişli Habarlar