Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

Daşary ýurt metbugatyna syn

Alshark Alawsat: Russiýanyň Döwlet baştutany Putin, oktýabr aýynda Saud Arabystanyna barar.

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Saud Arabystany we BAE, Sudanda başdan geçirilýän ganly wakalara goşulyşdylar.

Al-  Haýat (Liwan): Liwanda, Musulman doganlar guramasyna ýakynlygy bilen tanalýan El-Jemaa El-Islamiýýe resmilerinden Şeýh Muhammed Kasym El-Jarryň janyna kast edildi.

La Vanguardia (Ispaniýa): Pedro Sançez ýaňadandan wezipä gelmek üçin gepleşikler başlatdy: durnukylyk ýa-da saýlawlar.

Infobae (Argentina): ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Meksika ýene-de bir gezek gümrük salgytlaryny girizmek bilen hemle atdy.

Telesur (Wenesuela): Nikaraguanyň hökümeti ýakyn wagtda tassyklanan Günä geçişlik guramasynyň kanunlarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly 50 adamy azat etdi.

Deutsche Welle: Günorta Amerika nemes kärhanalary üçin dünýä derejesinde iň gowy mümkinçilikler hödürleýär.

Badische Zeitung: Germaniýanyň daşary işler ministri Maas Orta Gündogar saparynyň çäginde Ysraýyl-Palestina krizis üçin Iki döwletli çözgüdi öňe sürdi.

Frankfurter Allgemeine Zeitung: Daşary işler ministri Maas eýranly kärdeşi Zarif bilen Tähranda duşuşyk geçirdi. Maas: “Eýran bilen baglaşylan Ýadro ylalaşyk Ýewropanyň howpsyzlygy üçin örän möhüm” diýdi.  

Le Monde: DAIŞ bilen arabaglanşygy bolan 12 ýetimiň Fransiýa gaýdyp gelmegi. Fransiýanyň umumy pozisiýasy, her bir wakany biri-birinden tapawutly ýagdaýda ele alar.  

Le Parisien: Fransiýada 2022-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawy: Makron, Le Pen sebäpli aladalanýar.

Libération: Amazon, dünýäniň iň güýçli markasy hökmünde Googlyň ýerine geçýär.

Gazeta.ru: ABŞ-nyň Hytaýa garşy goýan sanksiýalary sebäpli Huawei ykjam telefon öndüriji kärhanasy, Androidiň ýerine rus Awrora ulgamyny ulanyp biler.

Vesti.ru: Dagystanyň Mahaçkala şäherinde bir tanker partlady.

REGNUM: Moldowanyň demokratik partiýasynyň lideri, Rusiýanyň wise-premýeri bilen geçiren duşuşygynda, gizlin bir syýasy teklip hödürledi.


Etiketkalar: metbugat , sapar

Degişli Habarlar