Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň seslenme döredýär

1189644
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän Alşarg Alawsat gazeti, üç generalyň wezipesinden çekilmeginiň Sudanda dartgynlygyň gowşamagyna sebäp bolandygyny ýazýar.

Katarda çap edilýän Al Raýa Al Katariýa gazeti, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Afrikadan altynyň bikanun ýollardan çykarylmagynda esasy merkez ýagdaýyna gelendigini belleýär.

Müsürde çap edilýän A Ahram gazeti,  Müsüriň Prezidenti Al Sisiniň Hytaýda geçirilýän halkara maslahata gatnaşýandygyny aýan edýär.

Germaniýanyň Stenr. de. gazeti, ABŞ-nyň Boeing firmasynyn 737 MAX 8 kysymly 2 uçaryň heläkçilige uçramagyndan soň üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde  girdejisiniň aşaklandygyny ýazýar.

Frankfurter Allgemine Saýtung gazeti, Russiýanyň Wladiwostok şäherinde taryhy duşuşyga ýer eýeçiligini edendigini habar berýär. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Wladiwostokda ilkinji duşuşygyny geçirdi.

Argentinada çap edilýän Klarin gazeti, Ispaniýada ýekşenbe güni geçiriljek saýlawlar hakyndaky habarynda, 4 partiýanyň arasyndaky göreşiň ýurtda iki partiýaly hâkimiýet döwrüniň ortadan aýrylmagyna sebäp bolup biljekdigine ünsi çekýär.

Şwesiýada çap edilýän Le Temps gazeti, “Russiýa Demirgazyk Koreýa oýunynda ýaňadandan sahnada diýip “ýazýar

Le Monde, “Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron “esasy çykyşyny” nähili taýarlady?” diýip belleýär.

Le Figaro, kazyýetiň Renault Nissanyň ozalky ýolbaşçysy Karlos Gosyň boşadylmagy baradaky talaby kabul edendigini mälim edýär.

Rus Izwestiýa gazeti Russiýanyň merkezi razwetka gullugynyň başlygy Sergeý Narişkiniň, ABŞ-nyň Wenesuela harby operasiýa guramak barada taýarlyk görýändigini öňe sürendigini belleýär

Rus Ria Nowosti gullugy Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kimiň özara duşuşyk geçirendigini ýazýar.

Rus lenta.ru habar saýty, Ukrainada geçirlen prezident saýlawynyň ýenijisi Zelenskiniň, Russiýanyň Prezidenti Putiniň Donbassyň ýaşaýjylaryna paspordyň berilmegi baradaky işleriň ýeňilleşdirilmegi hakyndaky görkezmesiniň, Russiýanyň basyp alyjy döwlet hökmünde jogapkärçiliklerini kabul edýändigi manysyny aňladýandygy babatyndaky sözlerine ýer berýär.

 

 

 

 



Degişli Habarlar