Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň seslenme döredýär

Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän Alşarg Alawsat gazeti, Sudanda, garaşsyz dalaşgäriň ýolbaşçylygynda hökümetiň gurulmagy hakynda berlen beýanatlara ýer berýär.

Katarda çap edilýän Al Raýa Al Katariýa gazeti, howpsyzlyk sebäpli Ysraýylly resmi wekiliýetiň Bahreýine sapar guramakdan ýüz öwürendigini mälim edýär

Liwanda çap edilýän Al Haýat gazeti, Liwiýadaky çaknyşyklarda 21 adamyň ýogalandygyny habar berýär.

Ispaniýada çap edilýän La Wanguardiýa gazeti, Geçirlen soňky sowalnamalaryň Katalonýa konstitutsiýa reformasyna goldaw berýänleriň sanynyň köpelýändigini görkezýändigine ünsi çekýär

Peruda çap edilýän Al Komersio gazeti, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň “Nikolas Maduro üçin indi Wenesuelada gelejek ýok” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär

Wenesuelada çap edilýän El Uniwersal gazeti, Amerika materiginde ýerleşýän 14 ýurtdan ybarat Lima toparynyň, Wenesuelada başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin şu gün Çiliniň paýtagty Santiýagoda bir ýere jemlenişjekdigini habar berýär.

TASS habarlar gullugy Demirgazyk Koreýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýurduň lideri Kim Çen Ynyň geljek hepde Russiýada saparda boljakdygy hakyndaky habarlara giňişleýin ýer berendigini aýan edýär.

Lenta. ru habar saýty: ABŞ-nyň sanksiýa sanawyndan ýanwar aýynda çykarlan işewür adamy Oleg Deripaska degişli Rusal firmasynyň ABŞ-da alýumin fabrigini gurjakdygyny mälim edýär.

Elektoauto.nýus.net, Türkiýäniň ýerli E-Wolkswageniň öndürilmegini meýilleşdirýädigini habar berýär.

DW, Migrantrlar hakyndaky habarynda Nigeriýaly migrantlaryň Germaniýa barýandygyny nygtaýar.

Siepel Onlineİ Sosýal demokrat partiýasynyň, Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko bilen duşuşandygy sebäpli Federal Kansler Angela Merkeli tankyt edýändigini ýazýar.

Fransiýada çap edilýän Le Figaro gazeti, ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahunyň Ýakyn Gündogary dartgynlaşdyrmaga dowam edýändigini belleýär

 

 



Degişli Habarlar