Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döreden habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

Daşary ýurt metbugatyna syn

Alşarg Alawsat (Saud Arabystany-Britaniýa) Şaýy lider Sistanynyň Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen duşuşandygyny habar berýär.

Ahbar Al Khaliž (Bahreýin) “ABŞ Eýranyň terrora maddy taýdan goldaw bermegine garşy göreş maskady bilen ýörite gurama açýar” diýip ýazýar.

Al Raýa Al Katariýa (Katar) “ABŞ-nyň Döwlet sekretary, Katara sanksiýa goýan ýurtlaryň bidüzgünçiliklerini tapdy” diýýär.

Fokus: Türkiýäniň Efiopiýadaky uçar heläkçiliginden soň Boeing Max 8 kysymly uçarlara howa giňişligini ýapandygyny mälim edýär.

DW: “Adam hukuklary-Saud Arabystanynda adam hukuklaryny goraýjy Ludshain Al Hathlul saklanmagyndan 10 aý soň kazyýet işine çekilýär” diýýar.

Rus Ria Nowosti gullugy: “Amerikan harby uçary, Açyk Al-asman şertnamasynyň çäginde Russiýanyň howa giňişliginde gözegçilik uçuşyny amala aşyrdy” diýip habar berýär.

Rus Izwestiýa gazeti Russiýada Boeing 737 Mak kysymly ähli uçarlaryň uçuşynyň wagtlaýyn saklanandygyny mälim edýär.

Rus TASS habarlar gullugy: Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň “orta derejede rus dilini bilýärin, hatda Prezident Putin bilen degşip bilýärin” diýen sözlerine ýer berýär.

Liberation (Fransiýa) “Bangladeş Rohingýaly müňlerçe bosguny çetki ada ýerleşdirer” diýip ýazýar.

Le Figaro (Fransiýa) Fransiýanyň Prezidenti Makronyň, Fransiýanyň Efiopiýa bilen ýakyndan gatnaşyk etmegini isleýändigini mälim edýär.

 Le Mundo (Ispaniýa) Wenesuelada elektrik togynyň kesilmegi sebäpli talaňçylyklaryň başdan geçirilýändigini habar berýär.

Prensa Latina (Kuba) Kubadaky Waradero plýažynyň Tripadwisor tarapyndan berilýän “Trawel Choce 2019” baýraklarynda dünýäniň iň gowy ikinji plýažy hökmünde saýlanandygyny aýan edýär.



Degişli Habarlar