Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döreden habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

1161644
Daşary ýurt metbugatyna syn

Alşark Alawsat: Alžiriň Prezidenti Butaflikanyň saýlawlary yza süýşürendigini, geçiriljek saýlawlarda dalaşgär bolmajakdygyny habar berýär.

El Haýat (Liwan): Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky DAIŞ-e garşy öňe gidişligiň çäklidigini we ýuwaşdygyny mälim edýär.

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Bin Selmanyň, kyn döwrüni başyndan geçirýändigini we islenmeýän adama öwrülendigini aýan edýär.

DW: Trampyň: “Germaniýa amerikaly esgerler üçin has köp tölesin” diýendigini beýan edýär.

Spiegel Online: Meý bilen Ýunkeriň arasynda Breksit ylalaşygy-3-nji mümkinçilik bolmaz.

Frankfurter Allgemeine gazedi: Amerikalylaryň OPEC-e has köp basyş edýändigini belleýär.

El Pais (Ispaniýa):Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduronyň, ýurtdaky elektrik togyň öçürilmegi bilen bagly krizisiň oppozisiýa tarapyndan edilen sabotaždygyny aýdandygyny habar berýär.  

El Mundo (Ispaniýa): “Misi” atly pişik gahryman boldy. Ýangyn ýüze çykan mahaly miýawlap oýandyran maşgalasyny ölümden halas edendigini mälim edýär.

El Universal: (Meksika): Meksika Howaýollarynyň (Aeromexiko), Efiopiýadaky hadysadan soň, Boeing 737 MAX 8 kysymly uçarlaryň saparlaryny duruzandygyny beýan edýär.

Le Monde: Brexit: Londonyň tankydy sese goýuşlykdan ozal, käbir meseleler boýunça kepillikler alandygyny aýan edýär.

France 24: Alžir: Buteflikanyň dalaşgärlikden çekilip, saýlawlaryň möhledini yza süýşürmek barada karar kabul edendigini nygtaýar.

Russiýanyň Izwestiýa gazedi: “ABŞ-niň Raýat awiasiasynyň ýolbaşçylarynyň Boeing 737 MAX kysymly uçarlaryň täzelenmegini isländigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Russiýanyň RIA Nowosti agentliginiň: Russiýa-Hindistan Işewürler dialogynyň Wladiwostokdaky Gündogar Ykdysady forumy EEF-2019-yň çäginde geçiriljekdigini belleýär.

TASS agentligi: Demirgazyk Koreýanyň ýaragsyzlanmaga we ABŞ bilen gepleşiklerini dowam etdirmäge taýýardygyny aýdandygyny ýazýar.


Etiketkalar: #gazet , #agentlik , #habar , #dünýä

Degişli Habarlar