Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň seslenme döreden habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

1158722
Daşary ýurt metbugatyna syn

“Alşark Alawsat” : Siriýanyň gündogaryndaky DAİŞ-iň soňky galasyndan jesetleriň ysy gelýär, içerde galanýar bolsa ot iýýärler.

“EL Mustakbal” : Prezident Erdogan, S-400 raketalarynyň alynmagyndan el çekmeýär… Erdogan: “bu meselede egilşik etmeris.”

“Al-Raýa Al-Katariýa”: Katar dünýädäki pozisiýasyny güýçlendirýär, Doha basyş edýän ýurtlar bolsa ejizleýär.

“Wirtşaftwois”: Türkiýe-Erdogan inflýasiýany 6-7 göterime düşürmek isleýär.

“DW”: Diplomasi: Wenesuela Germaniýanyň İlçisini ýurtdan çykarýar.

 “ARD” : Bosgunlaryň arasynda harby jenaýatçylar- müňlerçe duýduryşa çäre görülmedi.

 “El Pais”: Maduro Germaniýanyň İlçisini ýurtdan kowdy we Ýewropa bilen gatnaşyklary dartgynlaşdyrdy. Wenesuelanyň lideri nemes diplomatyny ýurdunyň içeri işlerine goşulyşmakda aýyplaýar.

“El Mundo”: Bask sebitinde geçirilen barlag 2018-nji ýylda Zenanlara edilen fiziki we jynsy hüjümleriň 28,7 göterim ýokarlandygyny ýüze çykardy.

“El Klarin”: Prezident Žair Bolsonaronyň ýurtdaky karnawal baradaky dartgynlyga sebäp bolan ýüzlenmesinden soň Braziliýanyň höklümeti prezidentiň karnawaly tankyt etmek niýetinde ýokdugyny beýan etdi.

“Frans 24” : “Fransyu Daşary işler ministri Ýan İwe Le Draýn: Alžirde saýlaw tapgyrynyň işleýişine garaşalyň.”

“Le Mond” : “Huawei Amerikan hükümetine garşy kazyýete ýüz tutdy.”

“Liberation” : “Kanada: Syýasy dartgynlyk Jastin Truda howp salýar.”

 “İzwestiýa”: Russiýanyň Daşary işler ministrligi rus Su-27 reaktiw uçarynyň ABŞ-nyň barlag uçary RS-135-i Baltika deňiziniň üstünde yzarlaýan pursadyny görkezýän wideo ýazgyny ýaýratdy.”

“Nezawisimaýa Gazeta” : Lawrow: Russiýa Federasiýasy Amerikan raketalarynyň dünýäniň islendik ýerine ornaşdyrylandygyna garamazdan simmetrik gaýtawul görkezmek hukugyny saklaýar.

“lenta.ru” habarlar saýty: ABŞ Belarusyň Krym meselesindäki pozisiýasyny goldady. ABŞ-nyň döwlet sekretarlygynyň wekili Belarusyň Russiýanyň Krymdaky hökmürowanlygyna görkezen garşylygyna kanagatlanma bildirdi.”



Degişli Habarlar