Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seslenme döreden habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

1151752
Daşary ýurt metbugatyna syn

Alshark Alawsat (Saud Arabystany-Britaniýa): Şarm el-Şeyh maslahaty, araplar bilen ýewropalylaryň arasynda dialog kanalynyň açylmagy bilen netijelendi.

Al Watan (Kuweýt): Arap-Ýewropa maslahaty, Eýranyň hereketlerine garşy çykyp, Ýemende syýasy çözgüdiň tapylmagynyň tarapdary.

Al-Haýat (Liwan): Moskwa, Türkiýe bilen Siriýanyň arasyndaky ara zolakda rus harby polisiýanyň ýerleşdirilmegini teklip etdi.

El Mundo (Ispaniýa): Huan Guaýdonyň şu gün Lima topary maslahatynda Nikolas Madurony harby agdarlyşyk bilen agdarmak üçin halkara derejede kömek sorajakdygyny beýan edýär.

El Nasional (Wenesuela): BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň Wenesuelada başdan geçirilýän wakalarda aşa güýç ulanylmazlygy barada çagyryş berendigini habar berýär.

El Komersio (Peru): Meksikaly režissýor Alfanso Kuaronyň “Rim” filmi bilen 91-nji Oskar sylaglarynda Iň gowy režissýor sylagyna laýyk görülendigini habar berýär.

DW: Taryhy maslahat: ÝB we Arap Bileleşigi biri-birlerine ýakynlaşmaga synanyşýar.

Frankfurter Allgemeine Gazeti: Söwda düşünişmezçiligi-Hytaý Amerika bilen söwdalaşmagy umyt edýär.

ARD: Rimdäki maslahat: Ejir çekenler Watikan konferensiýasyndan lapykeç boldy.

France 24 (internet saýty : Söwda söweşi: Tramp Hytaýdan import edilýän önümlere giriziljek goşmaça salgytlary yza süýşürdi.

Le Figaro: Ford Blankuefort fabriginiň ýapylmagy: Soňky bir mümkinçilik üçin Ykdysadyýet ministrliginde bir maslahat geçiriler.

Le Monde: “Rim” we “Green Book” filmleri Oskar sylaglaryndan ençeme baýrak bilen gaýdyp geldi.

Russiýanyň Kommersant gazedi: “Media: ABŞ Russiýa bilen kiber howpsyzlyk liniýasyny ýaňadandan açmak isleýär” diýip belledi.

Russiýanyň Izwestiýa gazedi: “Lawrow, ABŞ-niň Russiýa bilen Demirgazyk Koreýa barada gepleşikler geçirýändigini mälim etdi” diýip beýan etdi.



Degişli Habarlar