Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seslenme döreden habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

1147330
Daşary ýurt metbugatyna syn

Alsharq Alawsat (Saud Arabystany-Britaniýa): Saud Arabystany bilen Pakistanyň arasynda ozal görülip-eşidilmedik hyzmatdaşlygyň üpjün edilendigini beýan edýär.  

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Türkiýäniň, Kaşykçy jenaýaty babatynda Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Bin Selmany günäkärläp biljek delillere eýedigini nygtaýar.

Al Haýat (Liwan): Siriýada oppozisionerler, Asadyň bosgunlara ýurtlaryna gaýdyp gelmekleri üçin berýän çagyryşynyň üstünden gülýändigini belleýär.

DW: Ylalaşyklar we hormat - Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Bin Selmanyň Pakistanda milliardlarça dollarlyk söwdasy.

Spiegel Online: Rasizm-German Dream tamam boldy.

Stern: Saglyk üçin howp-Alymlar adamlara duýduryş berýär: ýanan çöregiň howany ulaglardan has köp hapalaýandygyny aýan edýär.

CNN Ispaniýa: ABŞ-li senator Marko Rubionyň, Kolumbiýanyň serhediň golaýyndaky şäher Kukutadan wenesuelalylara ýüzlenip: Demokratiýa gaýdyp geler we biz siziň ýanyňyzda bolarys diýendigini ýazýar.

ABC gazetesi (Ispaniýa): Maduronyň Wenesuelada Guaido bilen duşuşjak bolan Ýewropa Parlamendiniň agzalaryny yzyna ugradandygyny habar berýär.

El Pais (Ispaniýa): Brýussel, Italiýanyň ençeme ýyl bäri dowam edýän syýasy durnuksyzlygynyň we populizminiň Ispaniýa hem ýokmagyndan gorkýandygyny mälim edýär.

Le Figaro : Siriýa: Ýewropalylar, Donald Trampyň üsti ýapyk hemlelerine aladaly.

France 24 : Ylalaşyk we hyzmatdaş gözleginde: Bin Selmanyň Aziýa syýahadyna çykýandygyny belleýär.

Le Monde : Mýunhen Howpsyzlyk maslahatynda ABŞ bilen Ýewropanyň arasyndaky aranyň çuňlaşýandygyny nygtaýar.

Russiýanyň habarlar agentligi ‘RIA Nowosti’: Dumanyň, Krym taryhy bilen baglanşykly jedelleşikli ders kitabynyň okadylmajakdygy barada söz berendigini, bu talabyň Krymyň hökümetine Krym Tatarlar geňeşinden bildirilendigini aýan edýär.  

Russiýanyň Izwestiýa gazedi: Ermenistan Russiýadan Su-30SM uçarlaryny almagy pikir edýändigini nygtaýar.

Russiýanyň TASS habarlar agentligi: Wenesuelanyň döwlet nebit we tebigy gaz kärhanasy PDVSA-nyň hasaplarynyň Gazprom bankynda doňdurylandygy baradaky habarlaryň nädogrydygyny belleýär.



Degişli Habarlar