Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkiýe bilen bagly habarlar giň beýan tapýa

810646
Daşary ýurt metbugatyna syn

ABŞ-nyň Voice of America habarlar agentligi: “Erdoganyň sumkasynda haýsy delolar bar?” söz başyly habarynda, BMG-nyň Baş assambleýasynyň 72-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka baran Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň ertir 21-nji sentýabrda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşyk geçirjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarlar agentligi duşuşykda iki ýurdyň arasynda eýýäm ençeme wagt bäri pikir aýrylygyna sebäp bolýan meseleleriň gün tertibine getiriljekdigini mälim edýär. Habarda iki ýurdyň ylalaşyk gazanyp bilmedikleri meseleleriň iň ulusynyň ABŞ-nyň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD/ ÝPG-e ýarag bermekdigi bellenýär. Habarlar gullugy Türkiýäniň aladalaryny BMG-nyň sessiýasynda eden çykyşynda agzap geçen Erdoganyň PÝD/ÝPG-niň esasy maksadynyň DAIŞ bilen söweşmek bolmandygyny aýdandygyny nygtaýar.

Britaniýanyň AP habarlar gullugy: “NATO-nyň Baş sekretary Erdogany öwdi” söz başyly habarynda, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň BMG-nyň Baş assambleýasynyň ýyllyk liderler maslahatynda AP habarlar gullugyna beren beýanatynda: “Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan NATO diňe sözde däl, eýsem bütünleýin bagly” diýip aýdyp: “Türkiýe alýansyň gündogar tarapyndaky strategik ýerleşişi taýdan biz üçin wajyp bir ýurt. Şol bir wagtda terrorçylaryň hüjümler guraýan Yrak we Siriýa bilen serhetdeş” diýenidigini habar berýär.

Al Jazeere habarlar gullugy: “Janikli: Günorta serhetlerimizde etniki esaslara daýanýan syýasy gurulyşlara asla rugsat bermeris” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Goranmak ministri Nurettin Janikliniň ýurdyň günorta serhetlerinde terror guramalarynyň gözegçiligi astynda etniki esaslara daýanýan syýasy gurulyşlaryň emele gelmegine asla rugsat bermejekdiklerini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Ankarada beýanat beren ministr Janikliniň Yragyň territorial bütewiliginiň üýtgedilmeginiň Türkiýä howp abandyryp biljekdigini aýdandygy beýan edilýär.



Degişli Habarlar