Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan tapan Türkiýe bilen bagly habarlardan kabirlerini dykgatyňyza ýetirýäris

795049
Daşary ýurt metbugatyna syn

Azerbaýjanda çap edilýän “Trend” gazetiniň “Erdogan; Siriýanyň demirgazygynda toslama döwletiň gurdurylmagyna asla ýol bermeris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Siriýada tosmala terror döwletiniň gurulmagyna asla ýol berilmejekdigini aýdandygyny ýazýar. Gazet Erdoganyň Prezidentiň kompleksinde Arçynlaryň 39-njy maslahatynda sözlän sözünde; “Siriýada gurulmak islenýän terror döwletiniň öňüni almak üçin “Ýefrat galkany” operasiýasyny geçirdik. Terror guramasy PÝD/ÝPG-ä toslama döwlet gurdurmarys. Kabirleri kürt döwleti diýýär, men olary kürt doğanlarymyzy kemsitme hökmünde görýärin. Siriýada başga döwletiň gurulmagyna asla ýol bermeris. Bu watany bölmäge synanşýanlara ähli ýer mazar bolar” diýen sözlerini halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

ABŞ-nyň “Turkish Amerikan” web portaly: “Premýer ministr Ýyldyrym singapurly maýadarlar bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Singapurda aktiwleri 550 millaiard dollara barabar bolan firmalaryn wekilleri bilen geçiren duşuşygynda Türkiýedäki maýa goýum şertleri barada maglumat berendigini, Singapura guran saparynyň soňky gününde metbugata ýapyk häsýetde geçirilen maslahatda Ýyldyrymyň aktiwleri 550 milliard dollara barabar bolan maýadarlary Türkiýede maýa goýmaga çagyrandygyny mälim edýär.

Russiýanyň “Sputnik” habarlar gullugy “Wise-premýer Yşyk; Germaniýa Türkiýedäki özgerlişikden habarsyz” söz başyly habarynda, Wise-premýer Fikri Yşygyň Türkiýäniň Germaniýa bilen edilýän gatnaşyklara uly ähmiýer berýändigini nygtap, resmi Berliniň Türkiýedäki özgerlişige göz ýetirip bilmeýändigini aýdandygyny ýazýar. Habarda Wise-premýer Yşygyň Bilejik welaýatynda beren beýannamasynda; “İň bir mamla bolan meselesinde-de “Germaniýa bilen düşnüşmezlik bolmasyn, dartgynlyk bolmasyn” diýilýän düşünje dowam edýändir öýdýärler” diýen sözlerine üns çekilýär.

Eýranyň “Pars” habarlar gullugy “Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy golaýda Eýrana geler” söz başyly habarynda, Eýranyň Baş ştabynyň başlygy Muhammed Bakyriniň türk kärdeşi general Hulusi Akaryň ýakyn geljekde Tährana sapar gurajakdygyny aýdandygyny ýazýar. Habarda Bakyriniň Türkiýä saparynyň we ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen geçiren duşuşygynyň üstünlikli geçendigi, Bakyriniň türk kärdeşi Akar bilen geçiren duşuşygy barada bolsa, Türkiýäniň serhetleriniň hem harby güýç hem tehniki üpjünçilikler bilen goralmagy taýdan käbir başlangyçlary edendigini, Eýranyň hem oňa oňyn çemeleşýändigini aýdandygy halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.



Degişli Habarlar