Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seslenme döreden Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

777815
Daşary ýurt metbugatyna syn

ABŞ-niň Blumberg habarlar gullugy: “Türkiýäniň üns merkezinde rus raketalary, Erdogan bolsa Germaniýa we NATO ýüzlendi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti rejep Taýýip Erdoganyň Türkiýäniň Russiýa bilen dowam etdirýän NATO ulgamyna bap gelmeýän S-400 raketa goranyş batareýalarynyň satyn alynmagy bilen ABŞ-niň aladalaryny ret edendigini we ABŞ-niň Siriýadaky terror guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ýazgaryp, ylalaşygyň baglaşjakdygyny aýdandygyny mälim edýär. Habarlar gullugy ÝB ýurtlarynyň özüne çykyş etmek hukugyny bermezligini tankyt eden Erdoganyň: “Türkiýäniň Prezidentiniň we ministrleriniň ýurdyňyzda çykyş etmegine päsgel berýärsiňiz, emma siziň içalylaryňyz bu ýerde heşelle kakjaklar, myhmanhanalarymyza geljekler we meniň ýurdumy böleklere bölmäge synanyşjaklar. Bu asla bolmaz. Ýa özygtyýarlylyk hukuklarymyza hormat goýasyňyz, adalatly we deň şertlerde hyzmatdaşwe dost bolarsyňyz ýa-da her sylagsyz hereketiňiziň jogabyny alarsyňyz” diýendigini belleýär.

ABŞ-nyň Turkish American Web Portaly: “Demokratik oppozisiýa bilen terrora goldaw berýänlariň tapawudyny bilmelidiris” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Brýusselde geçirilen Türkiýe-ÝB Ýokary derejeli syýasy dialog maslahatyndan soň geçirilen metbugat ýygnagynda: “Žurnalist bolmak diýmek islendik günäni etmäge rugsat bermek diýmegi aňlatmaz ýa-da başga bir kär hem bolup biler. Hyýanatçylykly agdarlyşyk synaşygyna gatnaşan we agdarlyşyk synanyşygyna işjeň ýagdaýda kömek beren žurnalist, harby, polis, syýasatçy kim bolsa bolsun biz üçin ählisi bir, birini beýlekiden aýyrmarys. Şol sebäpli hakyky demokratik oppozisiýa bilen terrora goldaw berenleriň tapawudyny bilmesek ana şonda mesele ýüze çykyp başlar. Muny örän gowy edip anyklamaldyrys we tapawut goýmalydyrys” diýendigini habar berýär.

Azerbaýjanyň Azerbaýjan Trend habarlar gullugy: “Ibrahim Kalyn Ýewropa we Germaniýa duýduryş berdi” söz başyly habarynda, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalynyň Daily Sabah gazedinden çap edilen makalasynda soňky wagtlarda Türkiýe bilen Germaniýanyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlyk bilen baglanşykly: “Türkiýä gelýän we ýurdumyzda iş alyp barýan Germaniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlaryna hç hili howp abanmaýar. Germaniýanyň bir raýatynyň tussag edilmegi kanuny bir meseledir we bu meslede soňky söz kazyýete degişlidir. Emma nemes kärhanalary bilen baglanşykly gara sanaw ýokdyr” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Russiýanyň Sputnik habarlar gullugy: “ÝB resmisi Mogherini Türkiýä garşy has berk pozisiýa eýelenmegi çagyryşyna garşy çykdy” söz başyly habarynda, Brýusselde geçirilen Türkiýe-Ýewropa Bileleşigi Ýokary derejeli siýasy dialog maslahatynda Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we howpsyzlyk syýasatynyň ýokary wekili Federika Mogherininiň adam hukuklary düzgünleriniň bozulmagy ýaly toslama bahanalar bilen Türkiýä garşy has berk pozisiýa eýelenmegi çagyryşyna garşy çykandygyny beýan edýär.



Degişli Habarlar