Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seslenme döreden Türkiýe bilen baglanşykly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

691876
Daşary ýurt metbugatyna syn

Italiýanyň Askanýus habarlar gullugy, Türkiýe Gollandiýa garşy BMG-na, Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna we Ýewropa Geňeşine ýüz tutar” söz başyly habarynda Türkiýäniň Gollandiýa tarapyndan Wena şertnamasynyň basgylanmagy sebäpli halkara guramalara ýüz tutjakdygyny habar berýär.

Habarda  Gollandiýanyň 11-nji martda türk ministriniň öz territoriasy hasaplanylýan konsullyga girmegine rugsat bermändigi we ministri deport edendigi nygtalýar.

Gollandiýanyň howpsyzlyk güýçleri waka garşylyk görkezen türk raýatlaryna atlar we itler bilen hüjüm etdi. Ankara hem bu gelşiksiz çemeleşme sebäpli meseläni BMG-niň, Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň we Ýewropa Geňeşiniň gün tertibine getirmek isleýär.

Britaniýanyň Roýter habarlar gullugy “Gollandiýanyň ötünç soramagy ýeterlik bolmaz” söz başyly habarynda Prezident R. T. Erdoganyň Ankaranyň Gollandiýa bilen ýokary derejeli diplomatik gatnaşyklaryň saklanmagyndan soň beren beýanatynda, Gollandiýa bilen başdan geçirlen diplomatik krizisiň çözülmegi üçin ötünç soralmagynyň ýeterlik bolmajakdygyna aýratyn ünsi çekendigini belleýär.

Gollandiýanyň Nos TW telewideniýe kanaly “Gollandiýadaky türkler Türkiýäniň duşmanlaryna ses bermesin” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň Gollandiýada ýaşaýan türklere Türkiýä garşy tutum alyp barýan Azatlyk partiýasynyň lideri Geert Wilderse we häkimiýetiň başyndaky Liberal partiýanyň dalaşgäri Premýer ministr Mar Ruttä ses bermezliklerini isländigini aýan edýär.

Türkiýäniň güýçlenmesiniň Ýewropany biynjalyk edýändigini aýdan Erdogan, Gollandiýanyň geçmişdäki kirli taryhyna ünsi çekmek bilen Gollandiýanyň 1995-nji ýylda Bosniýada başdan geçirlen gyrgynçylygyň jogapkäridigini ýatlatdy we “Biz olary Srebrenitsadan  bilýäris. Olaryň 8 müň bonsiýalyny gyrgyna berendiklerni ýatdan çykarmadyk”diýdi.

Russiýanyň Sputnik habarlar gullugy “Çawuşogly ÝB  wiza düzgünini bes etmese bosgunlar şertnamasyny ýaňadandan seljereris” söz başyly habarynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ÝB türk raýatlary üçin wiza düzgününi bes etmän halatynda bosgunlaryň yzyna alynmagy meselesinde Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda baglaşylan şertnamanyň ýaňandandan seljeriljekdigine ünsi çekendigini belleýär.

 

 

 



Degişli Habarlar