Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt metbugat organlarynda uly beýan tapýar

578621
Daşary ýurt metbugatyna syn

Germaniýanyň DW habarlar gullugy: “Ýohnsondan Türkiýe bilen söwda ylalaşygy” söz başyly habarynda, wezipä belleneninden soň ilkinji gezek Türkiýä sapar guran Britaniýanyň Daşary işler ministri Boris Ýohnsonyň Prezident Erdogan we Premýer ministr Ýyldyrym tarapyndan kabul edilendigini, kärdeşi Çawuşogly bilen bolsa duşuşandygyny mälim edýär. Habarlar gullugy Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrymyň Britaniýanyň Daşary işler ministri Boris Ýohnsony Çankaýa köşgünde kabul edendigini, Premýer ministr Ýyldyrymyň kabul edilşikden soň beren beýanatynda: “Britaniýanyň Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky ýaragly agdarlyşyk synanyşygyndan soň beren güýçli goldawyna hoşallyk bildirýärin” diýen bolsa, “ÝB-den aýrylýarys, Ýewropadan däl” diýen Boris Ýohnsonyň bolsa: “Britaniýa bilen Türkiýäniň arasynda örän uly söwda ylalaşygynyň gazanylmagyny umyt edýärin” diýendigini belleýär.

Russiýanyň Ria nowosti habarlar gullugy: “Medwedew Türkiýäniň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Metbugat gullugynyň ýurduň Premýer ministri Dmitriý Medwedewiň Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Türk Akymy tebigy gaz turba geçirjisiniň gurluşygy we Akkuýu Ýadro energetika desgasy bilen birlikde söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşandyklaryny ýazandygyny mälim edýär. Habarlar gullugy telefon söhbetdeşliginde türk kärdeşiniň Döwlet Dumanyň saýlawlarynda üstünlik gazanmagy sebäpli Medwedewi gutlandygyny we Binali Ýyldyrymyň ýolbaşçylyk edýän hökümetiniň rus-türk gatnaşyklarynyň ösmegi bilen gyzyklanýandygyny aýdandygyny nygtaýar.

Azerbaýjanyň APA habarlar agentligi: “Azerbaýjanyň Prezidenti türk ministrleri kabul etdi” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Fikri Yşygyň we Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nabi Awjynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarlar gullugy duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasynda goranmak, harby we harby tehniki ugurlardaky gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi we Azerbaýjanyň Goranmak sergisi ADEX-2016-nyň wajypdygy bellenendigi beýan edilýär. Azerbaýjanyň APA habarlar agentligi duşuşykda mundan başgada soňky wagtlarda Azerbaýjana dynç almaga barýan syýahatçynyň artýandygy bellenip, Türkiýäniň bu ugurda uly tejribä eýedigi we Bütindünýä Syýahatçylyk gününde Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nabi Awjynyň Azerbaýjana sapar guramagynyň möhümdigi aýratyn bellenip geçilendigini ýazýar.

Kataryň Al Jazeera habarlar gullugy: “Türkiýäniň Oskara dalaşgär filmi belli boldy” söz başyly habarynda, režissýory Mustafa Kara bolan “Galandar sowugy” atly filmiň Türkiýäniň Oskar sylagyna dalaşgär film hökmünde saýlanandygyny habar berýär. Habarlar agentligi ýurduň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň wekilleriniň Amerikada geçiriljek 89-njy Oskar sylagynyň “Iň gowy daşary ýurt film” baýragyna dalaşgär hökmünde saýlandyklaryny beýan edýär.



Degişli Habarlar