Daşary ýurt metbugatyna syn 03.08.2016

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde orun berilen Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

544032
Daşary ýurt metbugatyna syn 03.08.2016

Ýewropanyň “Euro News” habarlar habarlar gullugy “Erdogan: Gynansagam günbatar terrora goldaw berýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanşygy barada sözlän sözünde “ssenarisi daşarda ýazylan, içerde aktýorlary bolan synanşykdy” diýmek bilen, ýene-de bir gezek günbatara üns çekendigini mälim edýär. Habarda: “Biz nähili strategik hyzmatdaş! Men sizden ýurdumyň adyndan Milli howpsyzlyk boýunça trategik resminama degişli edilen birini soraýaryn we siz henizem ony ýurduňyzda saklamaga dowam edýäňiz. Günbatar bu taýda terrory goldaýarmy, goldamaýarmy? Günbatar demokratiýanyň tarapyndamy, terroryň tarapyndamy? Gynansagam bu günbatar terrory goldaýar we agdarlyşygyň tarapynda durýar” diýen sözlerine üns çekilýär.

Azerbaýjanyň “Trend News Agenji” gullugynyň “Taha Özhan: Fetullah Gülen meselesi Türk-Amerikan gatnaşyklaryna zeper ýetirmesin” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Mejlisiniň Daşary gatnaşyklar toparynyň agzalaryndan ybarat bolan wekiliýetiň Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanşygynda we ondan soň Türkiýede başdan geçirilen wakalar barada maglumat bermek üçin ABŞ-na guraýan saparynda Adalat we daşary işler ministrliklerinde duşuşyklar geçirendigini mälim edýär. Habarda toparyň başlygy Taha Özhanyň duşuşyklarda FETÖ/PDÝ-niň agdarlyşyk synanşygy we ondan soň başdan geçirilenler bilen birlikde guramanyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň gaýtarylyp berilmegi barada pikir aşyşandygy nygtalýar.

Merkezi Katarda ýerleşýän “Al Jaziranyň” “Ýewropa Erdogan üçin aýaga gal” söz başyly habarynda, Şwesiýanyň ozalky Premýer ministri Karl Bildiň Ýewropa ýurtlarynyň Türkiýedäki agdarlyşyk synanşygyna reaksiýa bildirmezligini berk tankyt edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda “Ýewropa Erdogan üçin aýaga gal” söz başyly makala ýazan Bildiň “Ýewropa esasanda agdarlyşyk bilen bagly meselelere bolan çemeleşmesini seljermän halatynda ahlaky awtoritaryny ýitirme howpyna sezewar bolar” diýip nygandygyny mälim edilýär.

Eýranyň döwlet habarlar gullugy “İRNA” “Mehmet Dogan: Eýranyň Türkiýedäki wakalara bolan çemeleşmesi kanagatlanarly” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Maşatdaky konsuly Mehmet Doganyň Eýranyň Türkiýedäki soňky wakalara bolan çemeleşmesiniň diýseň kanagatlanarlydygyny aýdandygyny ýazýar. Habarda konsulyň Eýranyň Türkiýä dost ýurt hökmünde bu wakalarda Türkiýe döwletiniň we milletiň ýanynda orun eýeländigini, onuň bolsa iňňän gymmatlydygyny aýdandygy halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.



Degişli Habarlar