Daşary ýurt metbugatyn syn 22.06.2016
Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berilen Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris
Russiýanyň Sputnik habarlar gullugy: “Çelik: ÝB-ne agza bolmasada Türkiýe uly bir Ýewropa demokratiýasy” söz başyly habarynda, ÝB ministri we Türkiýäniň adyndan ÝB boýunça gepleşikleri alyp baryjy Ömer Çeligiň ÝB-ne agza bolmasada Türkiýäniň uly bir Ýewropa güýjidigini, uly bir Ýewropa demokratiýasydygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarlar gullugy Italiýanyň Daşary işler ministri Paolo Gentiloni bilen ministrlik binasy Farnesinada takmynan 1,5 sagat gepleşikler geçiren Ömer Çeligiň Türkiýäniň Siriýa we Yrak ýaly durnuksyz sebitler bilen 1 müň 295 kilometrlik serhediniň bardygyny we ol ýerde ýeke özüniň göreş alyp barýandygyny aýdandygyny belleýär. Sputnik ministr Çeligiň taryhyň iň uly bosgun krizisiniň Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda baglaşylan ylalaşygyň saýasynda hötdesinden gelýändiklerini ýatladyp: “Umumy mehanizma döredip, umumy akyl we umumy hereket meýilnamansyny belläp uly iş başardyk. Oktýabr aýynda 7 müň adam Ýewropa geçen bolsa, şu günki günde şol san 20-30-a çenli azaldy. Iň gowy habar bolsa maý aýynda hiç bir bosgun ýogalmady” diýendigini ýazýar.
Kataryň Al Jazeera habarlar gullugy: “Eýfel minarasy 3-nji gezek Türkiýäniň baýragyna bürendi” söz başyly habarynda, EURO 2016-daky 3-nji oýunyny Lens şäherinde Çeh Respublikasy bilen oýnan Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysynyň sosial saýt Twitterde #TUR etiketkasy bilen iň köp goldaw alandygyny we oýundan soň Eýfel minarasynyň 15 minudyň dowamynda Türkiýäniň baýdagynyň reňki bilen, minara asylan topyň bolsa baýdakdaky aýyň we ýyldyzyň alamatlarynyň yşyklandyrylandygyny mälim edýär. Al Jazeera Eýfel minarasynyň Ýewropa Futbol çempionatynyň dowamynda sosial media platformasy bolan Twitterde geçirilen kampaniýanyň çäginde her gün oýun oýnan ýurtlaryň arasyndan iň köp goldaw alan ýurtlaryň oýunlaryň gutarmagyndan 10 minut soň baýdaklarynyň reňkleri bilen yşyklandyrylýandygyny habar berýär. Habarlar gullugy kampaniýanyň başyndan bäri iň köp goldaw alan ýurduň 21,4 göterim bilen Türkiýedigini, 2-nji orunda 9,2 göterim bilen Britaniýadygyny we 3-nji orunda bolsa 8,1 göterim bilen Fransiýadygyny belleýär.
Azerbaýjanyň Trend New Ageancy habarlar gulugy: “Ministr Çagataý Kylyç: Ýygyndymyz bizi utandyrmady” söz başyly habarynda, Ýaşlar we sport ministri Akif Çagataý Kylyjyň Türkiýäniň futbol ýygyndysynyň Çeh Respublikasy bilen oýnan we 2-0 hasabynda ýeňen oýundan soň baş tälimçi Fatih Terimi we futbolçylary gutlandygyny habar berýär. Habarlar gullugy ministr Akif Çagataý Kylyjyň: “Biz toparymyza ynandyk. Olar hem bizi utandyrmady. Futbolçylarymyz Çehiýanyň ýygyndysyna garşy gowy oýnady. Bu biziň häsýetimize laýyk bir oýun. Hemişe aýdýarys: Biz milli ýygyndymyza ynanýarys” diýendigini nygtaýar.
ABŞ-nyň Turkishny: “Günorta Kipr Türkiýäniň ýangyna garşy göreş teklibini kabul etdi” söz başyly habarynda, Kipryň Grek böleginiň ýolbaşçylarynyň günortada eýýäm 3 gün bäri dowam edýän we söndürilip bilinmeýän tokaý ýangyny babatynda Türkiýäniň tekilp eden kömegini kabul edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarlar gullugy Kipryň Grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadisiň Türkiýäniň Tokaýçylyk we suw hojalyk ministri Weýsel Erogly tarapyndan edilen we DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy tarapyndan ýetirilen kömek teklibini kabul edendigini aýdandygyny beýan edýär.