Daşary ýurt metbugatyna syn 09.03.2016

Türkiýe bilen baglanşykly habarlar daşary ýurt metbugat organlarynda uly beýan tapýar

447495
Daşary ýurt metbugatyna syn 09.03.2016

“Merkezi Katarda ýerleşýän Al Jazira" gazeti: Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Türkiýäniň bosgun krizisiniň çözgüdi üçin ÝB bilen geçiren ýokary derejeli maslahatdan soň metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleriniň 17-18-nji mart aralygynda Türkiýäniň hödürlän tekliplerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşjakdygyny we belli bir karara geljekdiklerini belleýär. Habarda emma bundan ozal Ahmet Dawutoglynyň duşuşygyň gün teribi bilen baglanşykly maglumatlary bermändigi ýazylýar. Gazet Dawutoglynyň ÝB-den 3 milliard ýewro goşmaça ýene-de 3 milliard ýewro berilmegini, Türkiýäniň raýatlarynyň Ýewropada wizasyz syýahat edip bilmek mümkinçilikleriniň oktýabr aýyndan iýun aýyna geçirilmegini isländigini, emma şol teklibiň durmuşa geçirilmäge başlanmagy üçin 72 şertden diňe 19-nyň ýerine ýetirilendigini we galan 53 şertiň ýerine ýetirilmegi üçin konstitutsiýadaky 9 kanunyň TBMM-de kabul edilmeginiň gerekdigini we şol sebäpli oppozisioner partiýalara 1-nji maýa çenli şol kanunlaryň kabul edilmegi üçin çagyryş berendigini mälim edýär.

“ABŞ-nyň Turkish American News" gazeti: ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Piter Kukyň Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan ÝPG-niň ruslar bilen hyzmatdaşlyk edýändigini, DAEŞ-e garşy göreşýän toparlara zeper ýeten halatynda bu ýagdaýa ynjalyksyz boljakdyklaryny aýdandygyny habar berýär. Gazet Pentagonda metbugat ýygnagyny geçiren Kukyň ABŞ-nyň Merkezi güýçlerini serkerdesi Lloýd Ostinyň ÝPG bilen ruslaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada beren beýanaty bilen baglanşykly berilen soraga: “DAEŞ-e garşy göreşýän toparlara zeper ýeten halatynda bu ýagdaýa ynjalyksyz bolarys" diýendigini nygtaýar.

“Russiýanyň habarlar gullugy Sputnik": ABŞ-nyň Hazyna ministrliginiň Ugandada we Orta Afrika Respublikasynda hereket edýän Taňrynyň garşylyk goşuny atly gurama we lideri Ýosef Konyýa garşy sanksiýa girizmek üçin karar kabul edendigine ünsi çekýär. Gazet guramanyň we onuň lideriniň ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň terror sanawynda adynyň bardygyny, Konyýanyň ýolbaşçylygynda 1987-nji ýylda döredilen Taňrynyň garşylyk goşuny guramasynyň Orta Afrika Respublikasynda, Sudanda, Demokratik Kongo Respublikasynda we Ugandada hüjümler guraýandygyny beýan edýär. Habarda gurama sebäpli takmynan 1,5 million adamyň öýlerini terk edendigi we 20 müňe golaý çagany zamun alyp esger we gul hökmünde ulanýandygy öňe sürülýär.

“Hytaýyň radiosy CRI": Gresiýanyň hökümetiniň Pire deňiz menziliniň gymmat bahaly kagyzlarynyň 67 göterimini KOSKO kärhanasyna satylmagyna rugsat berendigini mälim edýär. Gazet şeýlelik bilen Gresiýanyň iň uly deňiz menzili bolan Pireniň hususylaşdyrmak babatynda ýene-de bir ädim ädilendigini belleýär. Habarda ady agzalan kararyň Gresiýanyň Bäsdeşlik komissiýasynyň tassyklamalydygy, ondan soň bolsa iki ýurduň arasynda şertnama baglaşyp we bu şertnamanyň Gresiýanyň Mejlisine hödürlenjekdigi nygtalýar.



Degişli Habarlar