Daşary ýurt metbugatyna syn 01.04.2015

Geçen hepde Türkiýede bolup geçen möhüm wakalar bilen bagly daşary ýurt köpçülikleýin haber beriş serişdelerinde seslenme döreden habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

290974
Daşary ýurt metbugatyna syn 01.04.2015

Britaniýanyň “Roýter” habarlar gullugynyň “Obamanyň Prezident Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi” söz başyly habarynda, Ak Tamdan berilen beýanata laýyklykda Prezident Barak Obama Prezident R.T.Erdogan bilen Ýemeniň başda durmagynda Ýakyn Gündogarda gyssagly çözgüde garaşýan meseleler barada pikir alyşandygyny mälim etdi.
Habarda Ak Tamyň telefon söhbedeşligi baradaky beýanatynda Obama bilen Erdoganyň DAİŞ-iň söweşijilerine garşy alynyp barylýan göreş boýunça hyzmatdaşlyk hem-de “Yrakda we Siriýada howpsyzlygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmegi ugrundaky bilelikdäki tagallalar” hakynda pikir alyşandyklary nygtalýar.
İtaliýanyň “ANSAmed” habarlar gullugy “Sabyr soňsyz däldir” söz başyly habarynda, ÝB ministri Wolkan Bozkyryň Rimde “Eger Brýussel kabul etmese, onda özi ýitirer” diýen sözelerine üns çekilýär.
Rimde Halkara gatnaşyklar instituty tarapyndan geçirilen maslahata gatnaşan ministr Bozkyr resmi Ankaranyň Ýewropanyň şertnamalaryna agzalyk taryhynyň 50 ýyldan uzyndygyny ýatlatdy.
Habarda ministr Bozkyryň “Ankara häzire çenli sabyrly we geçirimli boldy” diýen sözleri ýerleşdirilýär.
Daniýada çap edilýän “Nudem” gazeti “Ýewropanyň iň uly Sinagogy” söz başyly habarynda, Uly Edirne Sinagogynyň açylyşyna gatnaşan Wise-premýer Bülent Arynjyň Ysraýyl bilen gatnaşyklarda düşnüşmezlik bar hem bolsa, ýehudileriň Türkiýäniň aýrylmaz bölegdigini we şol sebäpli Edirne Sinagogynyň täzeden dikeldilmegine goşant goşmagyň Adalat we ösüş partiýasy üçin buýsandygyny aýdandygyny ýazýar.
Gazet dürli çeşmelere görä Edirne Sinagogynyň Ýewropanyň iň uly sinagogy, dünýäniň hem belli sinagoglaryndan biridigini mälim edýär.
ABŞ-nyň “Defens Nýus” gazeti “Türk firmasy tank hereketlendirijisi öndürer” söz başyly habarynda, hereketlendiriji öndürýän hususy türk firmalaryndan biriniň “Altaý” atly täze tank üçin hereketlendiriji öndürmek üçin hökümet bilen 190 million dollarlyk şertnama baglaşandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet taslamada “Altaýyň” hereketlendirijisi üçin ýerli grafikalaşdyryşyň, kämilleşdirişiň, prototip önümçiliginiň, hereketlendiriji synagynyň we şahadatnamalandyryşyň bardygyny ýazýar.
ABŞ-nyň “Ze Waşington Post” gazeti “Ägirt uly taryhy ýerasty şäher” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Kapadokiýa welaýatyndaky meşhur ýerasty şäherleriniň arasynda üns çekijilerinden biriniň Derinkuýydygyny nygtaýar. Gazet emma Derinkuýynyň nähili geň galdyryjydygyna garamazdan depelerden biriniň aşagynda gömülen we soňky ýyllarda açylan başga bir ýerasty şäheriniň Derinkuýydan has ulu we haýran galdyryjydygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet “National Geografikde” berilen habara görä Newşehir uniwersitetinin geofizikleri şäheriň ýeriň 110 metr aşagynda, 450 gekdar meýdana eýedigini anyklapdyr.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar