Daşary ýurt metbugatyna syn 18.02.2015

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seslenme döreden Türkiýe bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirýäris

221718
Daşary ýurt metbugatyna syn 18.02.2015

İspaniýada çap edilýän “La Wanguardia” gazeti “Dünýä liderlerine jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmek çagyryşy” söz başyly habarynda, Meksikada saparda bolan Prezident Erdoganyň “Türkiýäniň daşary syýasatyndaky aktual meseleler” temaly konferensiýa gatnaşandygyny ýazýar.

Gazet konferensiýada çykyş eden Prezident Erdoganyň “jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmekleri” üçin halkara guramalaryna çagyryş berendigini nygtaýar.
Gazet Prezident Erdoganyň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşindäki hemişelik agzalyk ulgamynyň ýatyrylmagy barada çagyryş berendini ýatladýar.


İspaniýada çap edilýän “La Wanguardia” gazeti “Meksika bilen Türkiýäniň arasyndaki gatnaşyklar güýçlenýär” söz başyly başga bir habarynda bolsa Prezident Erdoganyň Meksika guran saparynyň çäginde Meksika bilen Türkiýäniň arasynda hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýan şertnamalara gol çekişilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Prezident Erdogan Meksikanyň Milli köşgünde Prezident Peňa Neito bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýanatynda “Geljekde durmuşa geçiriljek işler barada pikir alyşdyk” diýip belledi.
Habarda Erdoganyň “Türkiýe hökmünde Kolumbiýadan, Şiliden, Meksikadan we Perudan ybarat Ýuwaş Umman bileleşigine agza ýurtlar bilen söwda şertnamasyny baglaşmagy maksat edinýäris”diýendigi nygtaldy.
Gazet Meksikanyň Prezidentiniň hem “Syýahatçylyk taýdan dünýäde 6-njy orny eýeleýän Türkiýäniň tejribelerinden peýdalanmak isleýäris” diýendigini ýatladýar.


Bolgariýada çap edilýän “Gross” gazeti “Türkiýe TANAP taslamasy meselesinde tutanýerli” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň Türkiýäniň Azerbaýjanyň gazyny akdyrjak Trans Anadoly Tebigy Gaz turba geçiriji taslamasyna uly ähmiýet berýändigi hakyndaky sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Gazet Günorta gaz koridory taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin taslama degişli ýurtlaryň energetika ministrlerinden ybarat geňeşiň ilkinji maslahatynyň Bakuwda geçirlendigini we maslahata Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzyň hem gatnaşandygyny belleýär.
Gazet ministr Ýyldyzyň maslahatdan eden çykyşynda “Türkiýe TANAP taslamasynyň durmuşa geçirilmegi meselesinde tutanýerli tutum alyp barýar” diýendigini ýatladýar.


Fransiýanyň “AFP” habar gullugy Halkara Energetika gullugynyň başlygyna baş ykdysadyýetçi Fatih Birolyň bellenendigini habar berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar