Aliýew: "Ermenistanyň 10-njy noýabrda baglaşylan ylalaşygy dowam etdirmegini umyt edýärin" diýdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň 10-njy noýabrda baglaşylan ylalaşygy durmuşa geçirjekdigini umyt edýändigini belledi

1591247
Aliýew: "Ermenistanyň 10-njy noýabrda baglaşylan ylalaşygy dowam etdirmegini umyt edýärin" diýdi

Metbugat ýygnagyny geçiren Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Daglyk Garabagda ylalaşygy ýola goýan 10-njy noýabr ylalaşygy bilen baglanşykly: "Söweşiň netijesi üýtgemeden galar, ylalaşygyň uly bölegi ýerine ýetirildi. Ermenistanda başdan geçirilýän ýagdaýa garamazdan kesgitlenen etap dowam eder. Ýogsam, has erbet ýagdaýa düşer. Täze hakykatlary bilen kabul etmäge mejburdylar" diýip habar berdi. 

Ermenistandaky harby agdarlyşyk bilen bagly etabyň hem üstünde durup geçen Aliýew: "Protestler Ermenistan döwletine örän uly zyýan ýetirdi. Ermenistanda dartgynlyk dowam edýär, ýörelgämize laýyklykda hiç bir ýurdyň içerki işlerine goşulmarys" diýip mälim etdi. 

Bu ýagdaýyň jogapkäriniň häzirki hökümetdigini aýdan Aliýew: "Ermenistan häzirki wagtda örän kyn ýagdaýda. Onuň sebäbi bolsa häzirki we ozalky hökümetlerdir. Ermenistanyň bu ýagdaýa gelmeginiň sebäbi basyp alyjy syýasat alyp barmakdyr" diýip belledi. 



Degişli Habarlar