Mewlüt Çawuşogly Azerbaýjanly Kärdeşi Jeýhun Baýramow Bilen Duşuşyk geçirdi

Mewlüt Çawuşogly, Twitter hasabyndan beýanat berdi

1589379
Mewlüt Çawuşogly Azerbaýjanly Kärdeşi Jeýhun Baýramow Bilen Duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan Üçtaraplaýyn Daşary işler ministrleriniň 5-nji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Ankara gelen Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşyk geçirdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini we Ýokary Garabagda başdan geçirilen soňky hadysalary ara alyp maslahatlaşandygyny habar berdi.

Mewlüt Çawuşogly: "Azat edilen topraklaryň ýaňadandan dikeldilmegi we galkynmagy üçin goldawymyz dowam eder. Ýakyn wagtda şahsy resminamalar bilen syýahatçylyk başladarys" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar