Ilham Aliýew Ermenistana Daglyk Garabag bilen bagly duýduryş berdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Daşary işler ministri Ara Aýwazýanyň Daglyk Garabaga sapar gurap, ol ýerde ermeni resmiler bilen duşuşyk geçirmegine reaksiýa bildirdi

1559275
Ilham Aliýew Ermenistana Daglyk Garabag bilen bagly duýduryş berdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, ykdysadyýet pudagynyň wekilleri bilen geçiren maslahatynda, Daglyk Garabaga Azerbaýjanyň rugsady bolmadan guralan saparyň üstünde durup geçdi.

Azerbaýjanyň rugsady bolmadan Daglyk Garabaga hiç bir ýurdyň raýatynyň girmejekdigi babatynda sebitde bar bolan rus resmilere ozal talap bildirendiklerini aýdan Aliýew: "Gynansagam rus resmilerden rugsat alynyp ol ýere fransuz parlamentarlar girdi. Netijede Fransiýanyň Baku şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy we oňa nota berildi. Biz sessiz galmarys" diýip nygtady. 

Ilham Aliýew, Ermenistanyň Daşary işler ministri Ara Aýwazýanyň Daglyk Garabaga guran saparynyň üstünde durup geçip: "Seň näme işiň bar ol ýerde? Söweşi ýatlaryndan çykarmasynlar. Demir ýumrugyň entegem ýerindedigini unutmasynlar. Bu saparlar bes edilmelidir. Bular ýaly öjükdiriji hereketler edilse, Ermenistanyň has hem puşman boljakdygy barada duýduryş berýäris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar