Ermenistanyň, Azerbaýjanda Ilatly Ýerlere Guran Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany 92 Adama Ýetdi

Ermenistanyň hüjümlerinde 2 müň 971 öý, 100 bina we döwlet eýeçiligindäki 502 kärhana hatardan çykaryldy

1522419
Ermenistanyň, Azerbaýjanda Ilatly Ýerlere Guran Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany 92 Adama Ýetdi

 

Ermenistanyň, Azerbaýjanda ilatly ýerlere toparlar we roketalar bilen guran hüjümlerinde asuda ilatdan 92 adam ýogaldy.

Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannamada, Ermenistanyň 28-nji oktýabrda Berder şäherine guran roketa hüjüminde ýaralanan 1 adamyň hassahanada ýogalandygy nygtaldy.

Beýannamada Ermenistan tarapyndan sentýabr aýynyň 27-si bilen noýabr aýynyň 5-i aralygynda Azerbaýjanda ilatly ýerlere guralan hüjümde 92 adamyň ýogaldygy, 404 adamyň hem ýaralandygy bellenildi.

Beýannamada, Ermenistanyň hüjümlerinde 2 müň 971 öýüň, 100 binanyň we döwlet eýeçiligindäki 502 kärhananyň hatardan çykandygy ýatladyldy.



Degişli Habarlar