Ýene-de 13 Oba Ermeni Basyp Alyşlygyndan Halas Edildi

Aliýew habarnamasynda “Ýaşasyn Azerbaýjanyň goşunlary! Garabag Azerbaýjandyr” diýdi.

1517746
Ýene-de 13 Oba Ermeni Basyp Alyşlygyndan Halas Edildi

 

Azerbaýjanyň goşunlarynyň ýene-de 13 obany Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edendigi habar berildi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Zengilan, Fuzuli, Jebrail we Gubadly welaýatlarynda ýene-de 13 obanyň ermeni basyp alyşlygyndan halas edilendigini habar berdi.

Aliýew Twitterden beren habarnamasynda, Zengilanyň Birinji Agaly, Ikinji Agaly, Üçünji Agaly, Zerneli; Fuzuliniň Mandyly; Jebrailiň Kazanzemi, Hanagabulak, Çüllü, Kuşçular, Karaagaç we Gubadlynyň Kyýasly, Edilje, Kylyjan obalarynyň ermeni basyp alyşlygyndan halas edilendigini nygtady.

Aliýew habarnamasynda “Ýaşasyn Azerbaýjanyň goşunlary! Garabag Azerbaýjandyr” diýdi.

Azerbaýjanyň goşunlary, Daglyk Garabagda 27-nji sentýabrda başladan operasiýasynda 4 şäher merkezi, 3 etrapça we 170 oba bilen birlikde birnäçe depäni Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edipdi.



Degişli Habarlar