Ermenistanyň Azerbaýjana guran hüjüminde ýogalan adamlaryň sany artdy

Azerbaýjanyň Baş Prokuraturasy mesele bilen bagly beýanat berdi

1518056
Ermenistanyň Azerbaýjana guran hüjüminde ýogalan adamlaryň sany artdy

Ermenistanyň Azerbaýjanda asuda ilatyň ýaşaýan ýerlerine toplar we raketalar bilen guran hüjümlerinde şu günki güne çenli asuda ilatdan ýogalanlaryň sany 90 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 392 adama ýetdi. 

Azerbaýjanyň Baş Prokuraturasy, 27-nji sentýabr 29-njy oktýabr aralygynda Ermenistanyň hüjümlerinde ýogalan we ýaralanan Azerbaýjanly raýatlaryň sany barada maglumat berdi. 

Şoňa laýyklykda, ady agzalan döwürde aralarynda zenanlar we çagalar hem bolan jemi 90 Azerbaýjanly ýogaldy, 392 adam bolsa ýaralandy. 

Ermenistanyň hüjümlerinde 2 müň 406 öý, 92 jaý we 423 döwlet binasy ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi. 



Degişli Habarlar