Azerbaýjan Ýene-de 20 Oba Bilen 1 Etrapçany Ermeni Basyp Alyşlygyndan Halas Etdi

3 şäher merkezi, 2 etrapça we 112 oba bilen birlikde käbir strategik depeler Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edildi

1514703
Azerbaýjan Ýene-de 20 Oba Bilen 1 Etrapçany Ermeni Basyp Alyşlygyndan Halas Etdi

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, 20 oba bilen 1 etrapçanyň ermeni basyp alyşlygyndan halas edilendigini, Azerbaýjan-Eýran serhediniň basyp alyşlyk astyndaky böleginiň dolulygyna gözegçilik astyna alynandygyny habar berdi.

Aliýew, Twitterden beren habarnamasynda “Gahryman Azerbaýjanyň goşuny, Fuzuli welaýatynyň Mollaweli, Ýokarky Refidinli we Aşakky Refidinli; Jebrail welaýatynyň Sirik, Şyhlar, Mestelibeýli we Derzili obalaryny basyp alyşlykdan halas etdi. Ýaşasyn Azerbaýjanyň goşuny, Garabag Azerbaýjandyr” diýip belledi.

Prezident Aliýew, Zengilan welaýatynyň Kollukyşlak, Malatkeşin, Kend Zengilan, Genlik, Welikulubeýli, Karadere, Çöpedere, Tatar, Tiri, Emirhanly, Karkulu, Bartaz, Dellekli obalary bilen Agbend etrapçasynyň hem ermeni basyp alyşlygyndan halas edilendigini buşlady.

Agbend etrapçasynyň Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilmegi bilen birlikde, Azerbaýjan-Eýran serhediniň basyp alyşlyk astyndaky böleginiň dolulygyna gözegçilik astyna alynandygyny nygtan Aliýew, Azerbaýjanyň we Eýranyň halkyny gutlady.

Azerbaýjanyň goşunlary, Daglyk Garabagda 27-nji sentýabrda başladan operasiýasynda 3 şäher merkezi, 2 etrapça we 112 oba bilen birlikde käbir strategik depeleri Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edipdi.



Degişli Habarlar