Azerbaýjan kamikaze uçarmansyz howa ulaglarynyň dowamly önümçiligine başlady

Azerbaýjanda täze görnüş kamikaze uçarmansyz howa ulaglarynyň dowamly önümçiligine başlandy

1514002
Azerbaýjan kamikaze uçarmansyz howa ulaglarynyň dowamly önümçiligine başlady

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, weýran ediş güýji has ýokary we täze görnüş bolan uçarmansyz howa ulaglarynyň dowamly önümçiligine geçilendigi habar berildi. 

Täze uçarmansyz howa ulaglaryna, Prezident Ilham Aliýewiň beren beýanatlarynyň birinde, Ermenistanyň goşuny üçin ulanan "Olary it kowan ýaly kowýarys" sözlerine esaslanyp "Iti kowan" ady dakyldy. 

Taýar bolan täze uçarmansyz howa ulaglarynyň Azerbaýjanyň goşunyna gowşurylandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar