Azerbaýjanyň Goşunlary Ermenistanyň Goşunlaryny Yza Serpikdirmäge Dowam Edýär

Ermenistanyň goşunlarynyň agyr ýitgi çekendigi habar berilýär

1513805
Azerbaýjanyň Goşunlary Ermenistanyň Goşunlaryny Yza Serpikdirmäge Dowam Edýär

Azerbaýjanyň goşunlarynyň goranyş zolagyna top we minemýot okuna tutan Ermenistanyň ýaragly güýçleri Gubadly tarapyndaky käbir esasy depelerden hem-de pozisiýalardan uly ýitgi çekip, yza çekildi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýannamada uzakly gije Agdere, Agdam, Fuzuli, Jebrail, Zengilan we Gubadly taraplarynda operasiýalaryň dowam edendigi habar berildi.

Beýannamada Ermenistanyň harby güýçleriniň Gubadly tarapynda käbir esasy depelerden we posisiýalardan yza çekilendigi mälim edilýär.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň beýannamasynda Hojawend tarapynda ýerleşýän Ermenistanyň goşunlarynyň 155-nji artilleri polkuna degişli D-20 batareýasynyň gullukçylarynyň arasynda köp sanly ýaralynyn bardygy, ulaglaryň ýetmezçilik etmegi hem-de ýollaryn ýapyk bolmagy sebäpli ýaralylaryň halas edilip bilinmändigi habar berildi.

Hadrudyň demirgazygyndaky artilleri bölümlerine täze gelen meýletinleriň atyş pozisiýalaryny taşlap gaçandyklary, Agdere tarapyndaky 5-nji söweşjeň polkuna Azerbaýjanyň goşunlarynyň köp sanly ermeni esgerini täsirsiz ýagdaýa getirendigi mälim edildi.

Polkuň 3-nji batalonunyň serkerdesiniň dereksiz ýitendigi, ştabyň başlygynyň bolsa öldürilendigi, ýerasty gaçybatalgasynyň hatardan çykarylmagy sebäpli Ermenistanyň güýçleriniň uly ýitgi çekendigi habar berildi.

Polkuň 1-nji batalonunyň serkerdesiniň, serkerdesiniň kömekçisiniň, artilleriýa bölüminiň serkerdeleriniň hem ölendigi, 1-nji batalonyň bir rotasynyn söweşe gatnaşmandygy habar berildi.

Front liniýalarynyň ählisinde çaknyşyklaryň dowam edýändigi, Azerbaýjanyň goşunlarynyň gözegçiligini dowam etdirýändigi habar berildi.

 



Degişli Habarlar