Ermenistan Žurnalistleri Nyşana Aldy

Ermenistanyň goşuny, AZTW-niň işgärlerini nyşana aldy

1508889
Ermenistan Žurnalistleri Nyşana Aldy

 

Ermenistanyň goşuny, Azerbaýjanyň Terter şäherinde asuda ilata guralan hüjüm hakynda habar taýarlaýan Azerbaýjanyň döwlet telewideniýesi AZTW-niň işgärlerini nyşana aldy.

Hüjümde žurnalistleri alyp barýan ulagyň sürüjisi ýaralandy.

AZTW-niň habarçysy Elnur Tofig, mesele hakyndaky beýannamasynda, “Ertiriň irki sagatlarynda Terteriň Duwerdi obasynda mektebe topuň atylandygy barada gelip gowşan habarlaryň yzy ýanyndan oba gitdik. Biz mekdebiň içinde waka hakynda habar taýarlaýarkak ermeniler ýene hüjüm guramaga başlady. Mekdepden çykan badymyza ulagymyzyň ýanyna 4-5 top oky düşdi” diýdi.

“Ulgamyza tarap barýarkak güýçli partlama boldy” diýen Tofig, “Sürüjimiziň kellesinden we garnyndan ýaralandygyny gördük. Sürüjimiziň ýanynda asuda ilatdan bir adam bardy we ol hem ýaralanypdyr, ikisini birden alyp Terteriň şäher merkezine geldik” diýdi.

Ulaglaryna hem zeper ýetirlendigini aýdan Tofig, žurnalist hökmünde Ermenistanyň asuda ilata garşy guraýan hüjümleri hakynda habar taýarlamaga dowam etjekdiklerini aýtdy.

Ylalaşygy basgylamaga dowam edýän Ermenistanyň goşuny Terter şäherinde asuda ilaty nyşana alýar

Ermenistanyň 27-nji sentýabrdan 14-nji oktýabra çenli guran hüjümlerinde asuda ilatdan 43 adam ýogaldy, 206 adam hem ýaralandy.



Degişli Habarlar