Tramp Döwri

Hepdäniň syny

2212795
Tramp Döwri

Tramp döwrüniň öňümizdäki 4 ýylynyň has gowy bolmajakdygy belli, emma has-da agyrlaşyp agyrlaşmajakdygy näbelli bolmagynda galýar. Trampyň täze dyşary syýasatyny gönükdirjekler we howpsuzlyk topary, MAGA-nyň ýagny (Amerikany gaýtadan beýgeltmegiň) ilkinji döwrü bilen deňeşdirilende has radikal tutum alyp barjaňa meňzeýär. Trampyň ilkinji döwründe MAGA 1.0 öňde “Ilki Amerika” şygary bilen giper-realist syýasat alyp barypdy. Emma bu çemeleşme ABŞ-nyň halkara liderligini güýçlendirip bilmedi we ykdysady kynçylyklary ortadan aýryp bilmedi. Bu çemeleşme şeýle hem Russiýany we Hytaýy hem gözegçilik astyna alyp bilmedi. ABŞ-nyň halkara güýç bäsleşiginde täsirini güýçlendirmegine garaşylýarka, bu strategiýa islenen netijäni bermedi.

SETA-nyň howpsuzlyk boýunça ylmy barlagçysy Prof. Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Täze döwürde bolsa Trampyň toparynda goranyş we daşary syýasat taýdan has berk tutum alyp barýan şahyslar ýer alýar. Goranmak ministrligine dalaşgär Pit Herset, adaty amerikan howpsuzlyk gurluşynyň daşyndan gelen dindar sionist hökmünde bilinýär. Döwlet sekretarlygyna dalaşgär Marko Rubio bolsa halkara diplomatiýa taýdan tejribesiz we Ysraýylyň tarapynda durýan syýasat alyp barýar. Pit Herset bilen Marko Rubio, Trampyň daşary syýasat toparynyň konserwatiw internasionalizm däbinden daşlaşýandygyny we has populist, militarist howpsuzlyk syýasatyny alyp barýandygyny görkezýär. Tramp bilen topary, harby güýç howpynyň we sanksiýalaryň diplomatik täsiri artdyrjakdygyna ynanýar. Emma şuňa meňzeş ulgamlar, halkara durnuklylygy ýola goýmagyň ýerine has-da çylşyrymly wakalara sebäp bolup biler.

ABŞ-nyň alyp barjak Ysraýyl syýasaty, Trampyň topary üçin esasy mesele hökmünde öňe saýlanýar. Ysraýylyň tarapynda durýan tutum, Gazanyň ynsansyzlaşdyrylmagy, Günbatar Şerianyň anneksirlenmegi we Günorta Liwanyň basylyp alynmagy ýaly strategik maksatlar bilen utgaşykly bolsa-da, şol maksatlara ýetilmegi gaty kyn. Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Ysraýyla uly goldaw bermegi, sebitdäki dartgynlygy has-da çuňlaşdyryp biler. Şol bir wagtda ABŞ-nyň Ysraýyla şertsiz goldaw bermegi, uzak möhletde Ýakyn Gündogarda has uly durnuksyzlyklara sebäp bolup biler we ABŞ-ny sebitde has kyn ýagdaýa getirip biler.

Eýran meselesi hem Tramp hökümetiniň iň ynjyk meselelerinden biri hökmünde ýer alýar. Eýranyň güýçden gaçýandygy emma sebitara krizise sebäp bolmak ähtimallygynyň bardygy nygtalýar. Trampyň has uly göwrümli sanksiýa goýmak we harby güýç ulanmak bilen Eýrana basyş etmek strategiýasy, Eýranyň has hüjüm ediji syýasat alyp barmagyna sebäp bolup biler. Bu çemeleşme Aýlag ýurtlaryna we sebitiň howpsuzlygyna uly zeper ýetirer. Şol sebäpli hem uzak möhletli çözgüt üçin ýadro gepleşikleriniň gaýtadan başlamagy we sebitleýin ylalaşyk üçin Eýranyň höweslendirilmelidigi nygtalýar.

Russiýa meselesi bolsa Tramp hökümetiniň strategiýa taýdan iň kyn ugurlaryndan biri bolar. Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin Trampyň harby ýüz öwürdijilige esaslanýan we “al-ber” garaýşyny goldamagy, goranyş taýdan Ýewropa zeper ýetirip biler we NATO-nyň güýçden gaçmagyna sebäp bolup biler. Russiýa, Ukraina söweşinde ýeňilmeýär we ylalaşyk üçin uly taýarlyk hem görmeýär. Trampyň Ukraina beriljek kömegiň azaldylmagy syýasaty, Russiýanyň elini güýçlendirer we Ýewropa uly howpyň abanmagyna sebäp bolup biler. Has giň gerimli parahatçylyk meýilnamasy üçin Russiýa tarapyndan hem kabul ediljek täze teklipleriň üstünde işlenilmeli bolar.

Tramp hökümeti üçin iň ynjyk meselelerden biri hem elbetde Hytaý. Hytaýa edilýän ykdysady basyş syýasatlarynyň, Trampyň wada berşi ýaly ykdysadyýeti kadaly ýagdaýa getirmegiň däl eýsem tersine ABŞ-nyň has uly krizislere sezewar bolmagyna sebäp bolup biler. Hytaýyň ykdysady taýdan çetleşdirilmegi maksat edinilýärkä, şuňa meňzeş syýasatlaryň halkara derejesinde ykdysady taýdan uly çökgünlige sebäp bolmak we ABŞ-nyň täsiriniň azalmagy howpy bar. Mundan başgada Hytaý täze hyzmatdaşlar edinip strategiýa taýdan uly mümkinçilige eýe bolup biler. Bu ýagdaý hem ABŞ-nyň Hytaýa garşy alyp barjak göreşini has çylşyrymly ýagdaýa getirip biler.

Türkiýe-Amerika gatnaşyklarynda bolsa geosyýasy we harby dinamikalaryň ähmiýeti nygtalýar. Tramp hökümeti, Türkiýäniň Siriýadaky howpsuzlyk aladasyna we ÝPG meselesindäki ynjym tutumyna uly ähmiýet bermeli. Türkiýäniň Russiýa, Ýakyn Gündogar we Hytaý meselesinde strategiýa taýdan uly mümkinçilige eýedigi nygtalýar. Ankaranyň iň ynjyk meselelerine üns berilmeýän syýasatlar, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ýaramaz täsirini ýetirip biler. Eýranyň deňagramly güýje öwrülmegi we Aýlag ýurtlarynyň howpsuzlygy, ABŞ-nyň sebitde deňagramly we makul syýasat alyp barmagy bilen ýola goýlar.



Degişli Habarlar