Trampyň ýeňişi we ABŞ…
Hepdäniň syny
Donald Tramp, 2024-nji ýylda geçirlen prezident saýlawynda üstünlik gazanyp ABŞ-nyň 47-nji prezidenti bolmagy başardy. Saýlawda sesleriň 51 göterinden gowragyny alan Tramp, Harrise garşy uly ýeňiş gazandy. ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Kamala Harrisiň saýlaw etabynda öňde barýandygyny beýan edýärdi. ABŞ-da prezident saýlawy bilen şol bir wagtda geçirlen Kongres saýlawlarynda Senatda hem Respublikaçylar jemi 51 kürsü bilen esasy köplüge eýe boldy. Şeýlelikde ABŞ-nyň Prezidenti, Senatda we Wekiller palatasynda Respublikaçylar esasy köplüge we uly güýje eýe boldy. 20-njy ýanwara çenli dowam etjek geçiş etabynda Trampyň egindeşleri hem ýuwaş-ýuwaşdan belli bolýar. Garaşylşy ýaly radikal Trampçylar bilen aşa sionistler bu etapda öňe saýlanýar.
SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris
Soňky prezident saýlawlary Amerikan jemgyýetiniň iki bölege bölünendigini hatda taraplaryň arasynda dartgynly pursatlaryň başdan geçirlendigini görkezdi. Saýlawyň netijelerine Trampa goldaw berýän esasi bölegi akýagyz erkek orta gatlaklardan ybarat amerikalylar kanagatlanma bildirdi. Prezident saýlawynyň netijeleri käbir gatlagy bolsa aladalandyrýar. Donald Trampyň mundan soň alyp barjak syýasaty bu dartgynlygy hasda çuňlaşdyryp biler.
Trampyň ilkinji nobatda saýlaw etabynda özüne garşy dürli hilelere ýüz tutanlara degişli jogaby bermegine garaşylýar. ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, federal guramalara işleýän onmüňlerçe adam wezipesinden çetleşdirlip bilner. Trampa goldaw beren gatlagyň arzuwlaryna görä uly jedellişige sebäp boljak göçümler edilip bilner. Saýlaw etaby döwründe iki gezek Trampyň janyna kast edilendigini ýatdan çykarmalyň.
Daşary syýasat taýdan bolsa Trampyň esasan uly harby manýowrlar bilen täze döwre başlajakdygy aýdylyp bilner. Trampyň Hytaýyň ykdysady taýdan güýçden gaçmagy üçin tagalla etjekdigi nygtalýar. Trampyň Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin tagalla etmegine garaşylar. Donald Trampyň Ýakyn Gündogar meselesinde Ysraýyla güýçli goldaw bersede Eýrana garşy uly göwrümli harby operasiýany başlatmagyna garaşylmaýar. Bu ýerde elbetde sionistleriň Trampa etirjek täsiri kesgitleýji bolar. Bu ýerde hem esasy howp sionistleriň Trampa ýetirjek täsiri bolar.
Täze etapda Wensanyň Prezidentiň orunbasary, Döwlet sekretary hökmünde Marko Rubionyň, Milli howpsuzlyk boýunça kömekçi hökmünde Maýk Walsyň, ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili hökmünde Respublikaçy kongresiň agzasy Eliza Stefanigiň bellenmegine garaşylýar. Ýokarda ady agzalýanlar Hytaýa we Eýrana garşy durýar we Ysraýyla berýän ýakyn goldawy bilen ünsleri özüne çekýär.
Türkiýe taýdan ser salanymyzda bolsa täze döwür oňyn başlap biler. Esasan Erdogan bilen Trampyň arasyndaky içgin gatnaşyk syýasata oňyn goşant goşup biler. Bu gatnaşyk, ABŞ-nyň Siriýa syýasatyna PKK/ÝPG-ä berýän goldawyny bes etmegi manysyny aňladyp biler. Emma Trampyň ministrler kabinetiniň sanawynda ýer aljakdygy aýdylýanlaryň Türkiýä dost bolandyklary aýdylyp bilinmez.
SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň Trampyň saýlawda gazanan üstünliginiň netijeleri hakyndaky analizini dykgatyňyza ýetirdik.