Uruşdan Soň Ýewropany Hyýal Etmek
Hepdäniň Syny
Ýakyn Gündogardaky çökgünlik dowam etdigi saýyn, uruş gutulgysyz ýagdaýda Ysraýylyň Liwana garşy hüjümleri bilen hasam ýaýbaňlanýar. Giňeldilen täze front bilen bilelikde iki çökgünlik dowam edýär. Biri Ýakyn Gündogarda, beýlekisi Ýewropa gönükýär. İki çökgünligiň täze sebitleýin ulgamlaryň döredilmegine täsirleri bolar. Ukrainada dowam edýän urşuň netijesiniň Ýewropanyň howpsuzlyk şertlerini nähili ugrukdyrjakdygy hyzmatdaşlyga, bäsdeşlige we gigomoniýa esaslanýan üç ssenariýa laýyklykda analiz edilip bilner. Bu ssenariler üç parametriň esasynda seljerilmeli. Olar Ýewropanyň strategik özygtyýarlylygy, ABŞ-nyň Ýewropada eýeleýän pozisiýasy we Russiýanyň sebitindäki pozisiýasydyr.
SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.
Netijeli hyzmatdaşlyk
Bu ssenaride hyzmatdaşlyga esaslanýan howpsuzlyk şerti, Ýewropanyň hökümetleriniň arasynda güýçlenýän hyzmatdaşlyk, Britaniýanyň breksitden soňky ÝB bilen gaýtadan ösýän goranyş hyzmatdaşlygy we Russiýanyň ylalaşygy hem-de Ýewropa gaýtadan utgaşyklygy bilen baglanşdyrylýar. Olaryň netijesi bilelikdäki goranyş taslamalarynyň we önümçiligiň sanynyň hem-de göwrüminiň artmagy, bileleşige agza ýurtlaryň arasynda has ylalaşdyryjy çemeleşme bolar.
Birnäçe ýyl ozal goranyş ssenergiýasyny artdyrmak üçin Ýewropanyň goranyş gaznasy we Hemişelik konstruktiw hyzmatdaşlyk ýaly mehanizmler döredilipdi. Gazna, ÝB-niň serişdelerinden peýdalanmagy we döwletara gepleşiklerden däl-de ikitaraply firmalaryň hyzmatdaşlygyny höweslendirmegi hem-de goranmak ministrlikleri ýaly möhüm döwlet edaralarynyň pozisiýasyny azaltmagy taýdan PESKO-dan tapawutlydyr. Şol sebäpli adatdan daşary çemeleşmä esaslanýar we PESKO-dan has çuň hyzmatdaşlygy nazarda tutýar.
Bäsdeşlik we bölünme
Ýewropanyň howpsuzlygy üçin mümkin bolan ikinji gelejek Russiýa bilen ikinji Sowuk urşuň turmagy, ähtimal bolan bäsdeşlik hökmünde häsýetlendirilip bilner. Russiýa-Ukraina urşundaky Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky tapawutlyklar we gören çäreleri, öz aralarynda hem-de daşarky güýçler bilen gatnaşyklarynda düşnüşmezlige we şek-şübhä sebäp bolan halatynda ýüze çykar. Şuňa laýyklykda Germaniýa, Fransiýa we Britaniýa ýaly materikdäki esasy güýçler milli bähbitlerini ileri tutýan syýasat alyp barýarlar.
Ýewropa Asmany Galkany Başlangyjy ÝB-de, esasanda Germaniýa bilen Fransiýanyň arasynda metbugatda we beýleki giňişliklerde uly diskussiýalara sebäp boldy. Bäsdeşlik ssenarisinde bolsa Ýewropanyň hökümetleri ýokary mukdarda raketa we kamikaze dron ulanmak, şol sanda howa hem-de raketa goranyş aladalary bilen Russiýadan abanýan howpa nähili çemeleşilmelidigi boýunça ylalaşyp bilmezler.
Bu ssenariniň ähtimal netijeleri hem bar. Milletçilik we proteksionizm, esasanda Fransiýanyň saýlap alan çemeleşmesi bolan ýerli goranyş senagatynyň ileri tutulmagy bilen ösmäge dowam eder. Ýewropa döwletleriniň içerki bölünşikler, soň ABŞ-nyň närazylygy bilen goranyş pudagyna edýän çykdajylaryny töläp bilmezlikleri sebäpli NATO-nuň pozisiýasy hem ejizlär, Ýewropa bolan ynam azalar we Gündogar Ýewropa, Baltika ýurtlary hem-de Balkanlary ýokarky depginli militarizasiýa çeker. Ol hem täze howpsuzlyk ikirjiňlenmeleri bilen netijelener.
Çäkli we garaşly
Mümkin bolan soňky howpsuzlyk şerti Hytaý bilen Sowuş urşy hem öz içine alýan gigomoniki we çäklendiriji hökmünde häsýetlendirilip bilner. Bu ssenari EDF bilen PESKO-nyň çäginde şert döredip, ýeterlik taslamalary düzüp, materikde strategik özbaşdaklyk döretmegiň netijesi bolar. Ol, ABŞ-nyň Ýewropanyň goranyşyndaky we howpsuzlygyndaky pozisiýasyny güýçlendirer.
Urşuň başyndan bäri Ýerwopa ýurtlarynyň garşy beýanatlaryna garamazdan ýarag aluwynyň esasy bölegi bileleşigiň daşyndan edildi we ABŞ esasy üpjün ediji boldy. Materikdäki ençeme ýurt uruşdan ozal F-35 almak üçin isleg bildiripdi. Emma Çehia, Germaniýa, Şweýsariýa we Rumyniýa ýaly ýurtlar goşmaça talap bildirene meňzeýär. Bolgariýa we Slowakiýa ýaly az býujetli ýurtlar hem ABŞ-dan F-16Blok-70 awçy uçarlaryny almaga isleg bildirdiler. Esasy bölegi üçin ABŞ-dan edilen goranyş aluwlary Amerikan howpsuzlygynyň kepilligi hem-de Ýewropadaky Amerikan harby güýjüniň dowamy hökmünde kabul edilýär.
Gegemonik howpsuzlyk ulgamynyň ahtimal netijeleri iki blokly dünýäniň emele gelmegi bolar. Amerikan hökmürowanlygy bilen bilelikde ÝB-niň global ulgamda kuwwatly we garaşsyz güýç bolma diskursy ortadan aýrylar. İki bloklylyk mese-mälim duýuljak häsýete eýe bolar. Ol aksiýa giňişligini daraldar. Amerikan özygtyýarlylygy we iki blokly mehanizmleriň özbolyşlyklary sebäpli, esasanda kiçi döwletler ABŞ-na has-da garaşly bolarlar. Bu ssenariniň beýleki bir netijesi bolsa Russiýanyň ejizlemegi we ulgamdan çetleşdirilmegi bolar. ABŞ, güýçlenip, agdyklyk etjekdigi üçin netijede hökümet çalşyklygy bilen gutarjak urşuň dowam etmegine sebäp bolar. ABŞ-nyň agdyklygyndaky Ýewropa howpsuzlyk giňişliginden doly çetleşdiriler we Gündogar-Günbatar tapawudy mese-mälim duýulmaga başlanar.